Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan, ABŞ-dan soň, ikinji orunda


Gözenegiň arkasyndaky adam
Gözenegiň arkasyndaky adam

ABŞ-nyň «Türme syýasaty inisiatiwasy» toparynyň soňky maglumatlaryna görä, Türkmenistan ilatynyň jan başyna düşýän tussaglarynyň sany boýunça, Birleşen Ştatlardan soň, dünýäniň 170 ýurdunyň arasynda ikinji ýerde durýar.

Eger Birleşen Ştatlarda her 100 müň adama 693 tussag düşýän bolsa, Türkmenistanda her 100 müň adama 583 tussag düşýär.

Mundan öň Türkmenistanyň sebitde ilat sany boýunça iň kän tussagly ýurtdugy barada habarlar çykypdy. Şol bir wagtda Türkmenistan iň kän günä geçiş yglan edýän ýurtlaryň biri hökmünde tanalýar we türkmen türmelerine garaşsyz synçylaryň baryp görmegine rugsat berilmeýär.

Huffingtonpost.com neşiri bu maglumatlary çap etmek bilen, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň 2015-nji ýylda Türkmenistany adam hukuklaryny bozmakda, şol sanda «eden-etdilikli tussag etmelerde, adam gynamakda we graždan azatlyklaryny hormatlamazlykda» ýazgarandygyny ýatladyp, Birleşen Ştatlaryň otuz iki ştatynda ilatyň jan başyna düşýän tussaglaryň sanynyň Türkmenistandaky tussag sanyndan ýokarda durýandygyny aýdýar.

Ozalky tussag Geldi Kärizow
Ozalky tussag Geldi Kärizow

Ozalky tussag Geldi Kärizowyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenistanda tussaglaryň sanawyna LTP-lerde, Bejeriş-zähmet profilaktikasy edaralarynda saklanylýan müňlerçe adam goşulmaýar we olaryň tussag şertleri türmelerdäkiden agyr bolmasa, ýeňil diýip bolmaz.

Ol Azatlyk radiosynyň öz bolan türmelerindäki tussaglaryň sanynyň ol ýerde düzgün boýunça saklanmaly adamlaryň möçberinden ençeme esse kän bolandygyny aýtdy.

Geldi Kärizowyň tassyklamagyna görä, Seýdi şäherindäki türmede ozal tussaglara hünär öwredilen okuw desgalary hem ýatak jaýlaryna öwrülipdir. Mundan başga, ol türmäniň içindäki senagat zonasynda, kerpiç çykarylýan ýerde hem ýatak jaýlarynyň gurnalyp, ol ýerde hem tussaglaryň ýatyp-turýandygyny gürrüň berdi.

Birleşen Ştatlarda, Hytaý, Fransiýa we Germaniýa ýaly jemi içerki önüminiň ösüş derejesi deňeşdirerlik ýurtlara garanda hem, alty essä golaý kän tussag bar.

ABŞ-nyň Bilim departamentiniň maglumatyndan çen tutulsa, bu ýurtda bilime goýberilýän serişdeden adamlary gözenegiň arkasyna dykmak üçin goýberilýän serişdäniň has kän bolmagy bilen bagly.

«Türkmen atlary» birleşiginiň ozalky başlygy Kärizow bolsa, Türkmenistanda tussaglaryň sanynyň köplügini halky gorkuda saklamak syýasaty bilen baglanyşdyrýar.

Täze barlagyň netijelerine görä, Birleşen Ştatlaryň ştatlarynyň köpüsi tussag edilýän adamlaryň sany boýunça dünýäniň esasy ýurtlaryndan ýokarda durýar.

ABŞ-nyň Kolumbiýa okrugy tussag etmek derejesi boýunça iň ýokarda bolup, bu ýerde her 100 müň adama 1,196 tussag düşýär.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda tussaglaryň sany dürli-dürli. Gazagystanda her 100 müň adama 221 tussag düşse, Gyrgyzystanda - 167, Özbegistanda — 150, Täjigistanda bolsa — 121 tussag düşýär.

ABŞ-nyň «Türme syýasaty inisiatiwasy» toparynyň geçiren barlagynda ozal federal, ştat we ýerli tussag derejeleri barada geçirilen barlaglaryň netijeleri, şeýle-de Bütindünýä Türme guramasynyň Jenaýat agtaryş syýasaty barlaglary institutynyň maglumatlary ulanylypdyr.

XS
SM
MD
LG