Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Respublikanlar Trampy resmi taýdan prezidentlige dalaşgär belledi


Donald Tramp.
Donald Tramp.

Birleşen Ştatlaryň Respublikan partiýasy Donald Trampy resmi taýdan prezidentlige dalaşgär belledi. Bu waka respublikanlaryň arasynda Trampyň bu wezipä ýaramly bolup-bolmandygy dogrusynda ilkibada dörän dawalardan soň, 19-njy iýulda mälim edildi.

“Biz bilelikde uly üstünliklere ýetdik. Respublikanlaryň taryhynda sesleriň iň uly bölegine eýe bolduk. Bu üstünlik. Ýöne biz entek ýoly doly geçmeli” diýip, Tramp aýtdy.

“Bu amerikan halkyny birinji orunda goýjak häkimiýet dolanşygy boljaga meňzeýär. Biz öz işimizi yzyna getireris. Biz güýçden gaçan armiýamyzy gaýtadan dikelderis we beýik weteranlarymyzyň aladasyny ederis. Biziň berk serhetlerimiz bolar. Biz “Yslam döwleti” atly topardan dynarys. Biz kanuny we düzgüni dikelderis.” diýip, Tramp belledi.

Trampyň 8-nji noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Hillari Klinton bilen bäsleşmegine garaşylýar. Birleşen Ştatlaryň öňki döwlet sekretary Hillari Klintonyň öňümizdäki hepde Filadelfiýada Demokratik partiýa tarapyndan prezidentlik saýlawlaryna özüniň resmi dalaşgäri diýip yglan edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG