Türkiýede 15-nji iýul agşamy bolan harby döwlet agdarylyşygy synanyşygy ýurduň durmuşynda uly üýtgeşiklik döretdi we müňläp adamyň tussag edilmegine, on müňlerçe adamyň işden boşadylmagyna getirdi.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 21-nji iýulda, agdarylyşyga gatnaşmakda güman edilýänleri tutmak üçin döwlet ygtyýarlyklaryny güýçlendirmek maksady bilen, üç aýlyk adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilýändigini jar etdi.
Adatdan daşary ýagdaý düzgüni prezidente we hökümete, ilki parlamente geňeşmezden, kanun kabul etmäge we hukuklary hem azatlyklary çäklendirmäge, togtatmaga ygtyýar berýär.
Ilkinji karar 1,043 hususy mekdebi, 1,229 sahawatlylyk fonduny, 19 profsoýuz birleşigini, 15 uniwersiteti, 35 medisina institutyny ýapmagy buýurýar.
Eýsem, Türkiýede bolan harby agdarylyşyk synanyşygy bu ýurtda ýaşaýan we işleýän türkmenistanly migrantlaryň durmuşyna nähili täsir ýetirdi?
Azatlyk radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sanynda şu soraga jogap agtarylýar.