Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň britan raýatyny tussag edendigi aýdylýar


Eýranyň polisiýasy, Tähran
Eýranyň polisiýasy, Tähran

Eýranyň mediasy häkimiýetleriň Eýranyň we Britaniýanyň goşa raýatyny içalyçylykda güman edip, tussag edendigini habar berdi.

16-njy awgustda IRNA döwlet täzelikler agentligi ady agzalmadyk tussagyň “Eýran bilen bagly ykdysady ugurda hereket edendigini” habar berdi.

Britaniýanyň hökümeti maglumat babatynda dil ýarmady.

Eýranyň häkimiýetleri içalyçylykda we howpsuzlyk bilen bagly jenaýatçylyklarda aýyplap, goşa raýatlyga eýe bolan ýene azyndan alty adamy tussag etdi.

Eýran goşa raýatlygy ykrar etmeýär, netijede tussag edilenleriň hiç birine konsullaryň kömegini soramak mümkinçiligi elýeterli däl.

XS
SM
MD
LG