Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baş serhetçi goragy gowşatmakda aýyplanýar


Türkmen-owgan serhedi
Türkmen-owgan serhedi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirip, şu ýylyň ýedi aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda edilen işleriň netijelerine seretdi diýip, türkmen mediasy habar berýär.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýewe käýinç berildi. Türkmen metbugaty onuň ýolbaşçylyk edýän gurluşlarynda we bölümlerinde tertip-düzgüniň gowşamagyna ýol berendigini habar berýär. Ýöne, adatça bolşy ýaly, türkmen mediasynda bu käýinjiň arkasynda ýatan anyk sebäpler aýdylmaýar.

Serhet gullugynyň başlygyna berlen käýinç internetde we rus metbugatynda türkmen-owgan serhedinde bolandygy aýdylýan nobatdaky hadysanyň yz ýanyna gabat geldi. Has anygy, Orsýetde çykýan «Nezawisimaýa gazeta», adam hukuklaryny goraýan «Türkmen inisiatiwasy» guramasynyň websaýtyna salgylanyp, 4-nji awgustdan 5-nji awgusta geçilýän gije Serhetabatda, ozalky Guşguda bir türkmen esgeriniň öldürilendigini, iki esgeriň bolsa ýaraly bolandygyny habar berdi.

«Nezawisimaýa gazetanyň» Orsýetdäki syýasy tehnologiýalar merkeziniň, «PolitKontaktyň» ýerine ýetiriji direktory Andreý Medwedewe salgylanyp ýazmagyna görä, türkmen-owgan serhedinde bolýandygy aýdylýan çaknyşyklar hiç bir jähtden täzelik däl.

Rus ekspertiniň tassyklamagyna görä, 1999-njy ýyla çenli, ýagny türkmen serhedi rus serhetçilerinň gatnaşmagynada goralýan wagty, türkmen-owgan araçäginde her aýda ortaça 20 hadysa hasaba alnypdyr.

Medwedew bu çaknyşyklaryň esasan neşe gaçakçylygy bilen bagly bolandygyny, rus serhetçileri Türkmenistandan çykanyndan soň bolsa tirýek, geroin gaçakçylygynyň has güýçlenendigini ýatladýar.

Ýerli synçylaryň käbiri Aşgabatda häkimiýet täzeleneninden soň Owganystandan gelýän neşe akymyny togtatmak üçin görlen çäreleri, prezident Berdimuhamedowyň neşekeşlige garşy Nyýazowa garanda has berk pozisiýa eýeländigini nazara alyp, türkmen-owgan serhedindäki dartgynlylygy hut şu ýagdaý bilen baglanyşdyrýar. Emma resmi Aşgabat bolýar diýilýän çaknyşyklar barada açyk maglumat bermeýär.

Şol bir wagtda, soňky döwürde, owgan hökümet güýçleriniň jeňçilere garşy alyp barýan söweşlerine garamazdan, türkmen-owgan serhedine golaý ýerlerde dürli radikal toparlaryň işjeň herekete geçendigi hem aýdylýar.

Biraz yza çekilsek, Azatlyk radiosy 2014-nji ýylyň 24-nji maýynda, Owganystanyň Badhyz welaýatynyň Balamurgap etrabynyň ýanynda, türkmen-owgan serhedinde üç sany türkmen serhetçisiniň öldürilendigini habar beripdi.

Owganystanyň Gormaç etrabynyň häkiminiň wezipesini ýerine ýetirýän Asyl Hanyň tassyklamagyna görä, şonda jeňçiler Murgap etrabyna degişli serhediň 37-nji nokadynda türkmen serhedini bozupdyr.

Resmi Aşgabat bu habary ne tassyklady, ne ret etdi, emma biraz soň, ýagny 2014-nji ýylyň iýun aýynyň başynda geçirilen wideoşekilli maslahatda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna we onuň orunbasaryna serhet goragy bilen baglylykda berk käýinç berildi.

Ýöne resmi Aşgabat serhetde bolandygy aýdylýan çaknyşyklar barada çykýan dürli habarlaryň hemmesinden soň beýle reaksiýa bildirmeýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurduň baş prokuroryna hem, gözegçilik edýän pudagynda tertip-düzgüni gowşadanlygy üçin,käýinç berildi.

Şeýle-de habarda prezidentiň karary bilen, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin diýlip, birnäçe prokuroryň wezipesinden boşadylandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG