Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polis musulman zenanyň hijabyny çykardypdyr


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Nitsa plýažynda "burkini gadaganlygyna" gözegçilik edýän ýaragly polisler bir zenany hijabyny çykarmaga mejbur edipdirler.

Wakada düşürilen suratlar gysga wagtyň dowamynda sosýal medýada ýaýbaňlanypdyr we gaty köp adamy gazaba mündiripdir.

Ýöne şol bir wagtyň özünde "burkini gadaganlygyny" goldaýanlar hem bardyr.

Zenan hijabyny çykarmaga mejbur bolýar

Nitsa, burkininiň gadagan edilen 15 şäherinden biridir. Burkini - zenanyň ýüzünden, elleri bilen aýak uçlaryndan galan bedeniniň ähli ýerini ýapýan dini plýaž geýimine berilýän atdyr. Şeýle eginbaşy halaýan zenanlar hem bardyr. Ýöne, resmiler barha ýokarlanan terrorçylyk howpy sebäpli şeýle eginbaşy geýmegiň gadagan edilendigini belleýärler.

Şeýle gorka sebäp bolan hadysa, şäheriň Bastiliýa gününde terrorçylykly hüjümiň gurnalan ýeri bolan Promenade des Anglais şaýolunda ýüze çykypdyr.

Suratlarda, tüpeň we taýak bilen gurşanan polisleriň plýažda süýnip ýatan mawy hijaply zenanyň daşyna üýşendigi görülýär.

Soňky suratlarda zenanyň koftasyny çykarandygy we onuň ýanynda duran polisiň kagyza bir zat (belki jerime) ýazýandygy görülýär.

"Zenanlar ýekirilýärler"

Şäheriň resmileri bolsa polisiň öz wezipesini berjaý edendigini belleýärler. Nitsa şäher häkiminiň orunbasary Kristiýan Estrosi, internetde ýaýradylan suratlary ýazgarmak bilen olaryň polis işgärlerine howup abandyryp biljekdigine üns çekipdir. Ol "Men bu oňaýsyz ýagdaýy berk ýazgarýaryn" diýipdir.

Suratlaryň ýaýramagyndan soňra, Fransiýanyň esasy musulman guramasy bolan Fransiýanyň musulman ynanjy geňeşi (CFCM), goýlan gadaganlyk barasynda maslahatlaşmak üçin hökümetden ýörite duşuşyk talap edipdir.

Gurama özüniň "Twitter" sosial ulgamyndaky sahypasynda: "Musulman zenanlar ýekirilýärler. Kannda jerime salynýar. Nitsada bolsa hijabyny çykarmaga mejbur edilýär. CFCM, "Içeri işler ministri Bernard Kazeneuw bilen ýörite duşuşmak isleýär" diýip, ýazypdyr.

Bu hadysa, soňky wagtlarda ýüze çykan ikinji möhüm wakadyr.

Ondan iki gün owal Kann plýažynda üç polis işgäri bilen jedelleşen 34 ýaşyndaky zenana 38 ýewro (42 ABŞ Dollary) möçberinde jerime salynypdyr.

"Öýüňe git"

Ol zenanyň aýtmagyna görä, polisler onuň kada görä geýinmändigini aýdypdyrlar. Polisler oňa "başyna oranan matasyny saçynyň üstünde duran ýalyk ýaly edip daňynmagyny, bolmasa-da plýažy terk etmegini" aýdypdyrlar. Ol zenan bolsa olara garşy çykypdyr.

"Men burkini geýinmändim. Burka hem geýinmändim. Ýalaňaç hem däldim. Meniň pikrime görä, geýinen eginbaşym kada doly gabat gelýärdi" diýip, zenan öz pikrini beýan edipdir.

Dawa-jenjele plýaždaky başga adamlar hem goşulypdyr. Ol zenanyň aýtmagyna görä, olaryň käbiri özüni goldan bolsa, käbirem polisleriň tarapyny tutupdyrlar.

"Öýüňe git", "Bu ýerde seni görmek islemeýäris", "Fransiýa katolik ýurtdyr" ýaly käbir sözler aýdypdyrlar. Şeýle sözleri hut çagalarymyň gözüniň öňünde aýdylansoň gyzym durup bilmän aglady. Ol kiçi çaga bolansoň öz ejesiniň näme sebäpden plýažy terk etmelidigine düşünmeýärdi. Men ilkinji gezek şeýle ýekirilmä duşgeldim" diýip, ol aýal žurnalistlere beren interwýusynda aýdypdyr.

Musulman toparyň käbir agzalary bolsa şeýle gadaganlyga garşy öz pullary bilen göreşmegi saýlap alypdyrlar. "Fransiýada islamofobiýa garşy bileleşik" atly gurama, Fransiýanyň plýažlarynda jerime salynan zenanlara kömek berýär. Guramanyň başlygy Marwan Muhammad CNN-e beren interwýusynda, kömek edilen 15 zenanyň hiç biriniň burkini geýmändigini aýdypdyr. Olaryň diňe başyna uly ýalyk oranandygyny ýatladypdyr.

Alžirli bir işewür adam bolsa, Fransiýada burkini sebäpli jerime salynan musulman zenanlaryň jerimelerini tölemegi teklip edipdir.

Nitsa şäheriniň resmileri, kanunyň burkinini gadagan etmeýändigini aýdypdyrlar. Olaryň sözlerine görä, plýažyň polis nobatçysy kanuny raýatlara subýektiw görnüşde düşündürip, iş ýüzüne geçirip biler.

XS
SM
MD
LG