Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belaruslar täze parlament üçin ses berýär


Aleksandr Lukaşenkonyň ses berýän saýlaw uçastogy, Minsk, 11-nji sentýabr, 2016

Belaruslar 11-nji sentýabrda täze parlament saýlamak üçin ses berýärler.

Bu saýlaw sowet döwründe ferma direktory bolan we prezidentliginiň bäşinji möhletini ýerine ýetirýän Aleksandr Lukaşenkonyň ýaranlarynyň agdyklyk edýän şertlerinde geçirilýär.

Belarus iki onýyllykdan gowrak wagt içinde demokratik we azat diýlip baha berlen ýeke saýlaw hem geçirmedi. Häkimiýetler 10 million çemesi ilatly post-sowet ýurduny başga pikirliligiyzygiderli jezalandyrmak we media berk kontrollyk etmek arkaly dolandyrýarlar.

Ýurduň Merkezi Saýlaw komissiýasy parlamentiň aşaky öýüniň 110 orny üçin 521 kandidaty hasaba alandygyny aýdýar. Olaryň 176-sy ýurduň oppozisiýa fraksiýalaryna wekilçilik edýär.

Režimiň başga pikirlileri basyş astynda saklamagy, Lukaşenkonyň bäsdeşleriniň we aktiwisitleriň yzygiderli tussag edilmegi oppozisiýany gowuşgynsyz we täsirsiz hala saldy.

Belarusyň parlament saýlawlary soňky gezek 2012-nji ýylda geçirildi we ÝHHG bu saýlawyň turuwbaşdan bäsleşiksiz bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG