Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň ilçisi türkmen türmelerinde dereksiz ýitenlere goldaw bildirdi


ABŞ-nyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyndaky ilçisi Daniel Baer
ABŞ-nyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyndaky ilçisi Daniel Baer

ABŞ-nyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyndaky ilçisi Daniel Baer Waşingtonyň Türkmenistanyň türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbalyna ünsi çekdi we «Olary diri görkeziň!» atly halkara kampaniýasyna goldaw bildirdi.

Baer ÝHHG-niň hemişelik geňeşiniň 8-nji sentýabrda Wenada geçirilen maslahatynda eden çykyşynda, hususan-da, «men birnäçe göze ilginç wakalary belläsim gelýär diýip «Olary diri görkeziň!» atly kampaniýanyň 30-njy awgustda dünýäde zor bilen ýitirim edilmelere garşy halkara güni sebäpli çap eden beýannamasyna ünsi çekdi. Adam hukuklaryny goramak boýunça halkara guramalarynyň birnäçesini öz içine alýan kompaniýa türkmen türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbalyna aladalanma bildirip, türkmen häkimiýetleriniň olar barada habar bermegini talap edip gelýär.

“Olary diri görkeziň!» atly halkara kampaniýasynyň düzen sanawynda şu günki gün tussaglykda ýitirim bolandygy doly tassyklanan 87 adamyň ady görkezilýär. Guramaçylar geçen ýylyň aýagyndan bäri sanawdaky üç adamyň tussaglykda ýogalyp, jesetleriniň garyndaşlaryna tabşyrylandygyny aýdýarlar.

ABŞ-nyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyndaky ilçisi Daniel Baer 8-nji sentýabrda eden çykyşynda “Biz ‘Olary diri görkeziň!” atly kampaniýa goşulýarys we türkmen hökümetini bu tejribäniň soňuna çykmaga, ähli tussaglar barada, şol sanda hökümete degişli bolmadyk guramalaryň düzen ýitirim bolanlaryň sanawyna girizilenler barada dessine maglumat bermäge, olaryň diridigi barada ýakynlaryna we jemgyýete habar bermäge, olaryň ýogalan ýagdaýynda, jesetlerini garyndaşlaryna bermäge çagyrýarys” diýdi.

“Olary diri görkeziň!” atly kampaniýasy Baeriň çykyşyny ABŞ-nyň berk pozisiýasynyň subutnamasy hökmünde kabul etdi.

Kampaniýanyň guramaçylaryndan Ýuriý Jibladze şeýle diýdi: “Bu örän agramly çykyş. Biz ony dereksiz ýitenler problemasy dogrusynda ABŞ-nyň berk pozisiýasynyň nobatdaky subutnamasy hökmünde kabul edýäris. Ilkinji gezek ýokary derejeli diplomat kampaniýamyza köpçüligiň öňünde açyk goldaw bildirýär we türkmen häkimiýetlerinden ýurtda ähli dereksiz ýitenler barada maglumat bermegi talap edýär”.

ABŞ-nyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramayndaky ilçisi Daniel Baer ABŞ-nyň dereksiz ýitenleriň ykbalyna degişli meseläni ýokary derejede gozgamak işini dowam etdirjekdigini-de aýtdy.

Wenada geçirilen bu maslahatda Türkmen türmelerinde dereksiz ýitenleriň ykbaly, şol sanda Türkmenistanyň öňki Daşary işler ministrleri Boris Şyhmyradowyň we Batyr Berdiýewiň ykbaly bilen bagly problema Şweýsariýanyň, Norwegiýanyň we Islandiýanyň hökümetleriniň eden bilelikdäki beýannamasynda hem gozgaldy.

Şeýle-de Daniel Baer Wenadaky çykyşynda 30-njy awgustda bellenýän adamlaryň zor bilen ýitirm edilmegine garşy halkara senesi bilen baglylykda, ABŞ-nyň tutuş dünýäde hökümetler tarapyndan ogurlanyp, gizlin saklanýan erkek adamlara we aýallara raýdaşlyk bildirýändigini mälim etdi.

“Örän köp ýurtda repressiw hökümetler öz-özlerini jogapkärçilige çekmäge synanyşyp, agyr meseleleri gozgaýan tankytçy raýatlaryny zor bilen ýitirim etmek usulyna baş goşýarlar. Şol adamlaryň käbiri öz hökümetiniň eli bilen ýitirim bolýarlar, uzak wagtyň dowamynda tussag astynda saklanyp, gynamalara sezewar edilýärler. Beýlekileri ümsümlik bilen ýoklaýarlar, olaryň ölümini hasaba almaýarlar. Tutuş dünýäde zor bilen ýitirim edilenlere degişli üsti açylmadyk onlarça müň iş bar, olaryň käbirine eýýäm onlarça ýyl boldy” diýip, Daniel Baer öz çykyşynda belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri 2015-nji ýylyň aýagynda, Aşgabada eden saparynyň dowamynda, zor bilen ýitirim edilmeler meselesini gozgapdy.

XS
SM
MD
LG