Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Trans-Hazar boýunça tagallalar amatly mümkinçiliklere ýol açar'


Azerbaýjanyň Nebit öwrenmeleri boýunça merkeziniň başlygy Ilham Şaban
Azerbaýjanyň Nebit öwrenmeleri boýunça merkeziniň başlygy Ilham Şaban

Türkmenistanyň öz tebigy gazyny Ýewropa akdyrmak planlaryny häzirki wagtda Azerbaýjan, Türkiýe we Gürjüstan bilen maslahat edýändigi barada media maglumatlarynda habar berildi.

Türkmen prezidenti G.Bedimuhamedow geçen aýyň aýagynda Berline eden saparynda Türkmenistanyň Ýewropa bilen gaz söwdasyna gyzyklanma bildirýändigini tassyklapdy.

Türkmenistanyň Trans-Hazar gaz geçiriji proýekti boýunça potensial partnýorlary bilen geçirýän häzirki gepleşikleriň iş ýüzünde nähili ähmiýeti bar?

Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda Azerbaýjanyň Nebit öwrenmeleri boýunça merkeziniň başlygy Ilham Şaban bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň öz tebigy gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça proýekti Azerbaýjan, Türkiýe we Gürjüstan bilen geçirýän gepleşikleri barada sizde nähili maglumat bar?

Ilhan Şabam: Bizde beýle maglumat ýok, emma gepleşik geçirilende-de bu adaty bir zat. Sebäbi Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça gol çekilen protokol bar. Oňa laýyklykda daşary işler ministrlikleriniň we bilermenleriň derejesinde duşuşyklar geçirilip durýar we indiki ädimler kesgitlenýär. Bu duşuşyklarda henize çenli belli bir netije göze ilmeýän hem bolsa, taraplar bu meselä seredýändiklerini ýatladyp durýarlar. Türkmenistanyň iri gaz öndüriji ýurtdugy, Azerbaýjanyň regionyň iri transport ýoluna eýe bolan döwletdigi, Türkiýäniň bolsa gazgeçiriji infrastrukturany dolandyrýan döwletdigi nazara alnanda olaryň tagallalaryny birikdirmeginiň geljekki onýyllyklarda örän amatly mümkinçiliklere ýol açýar.

Azatlyk Radiosy: Emma şeýle proýektler uzak ýyllaryň dowamynda maslahatlaşylyp gelinýär, netije göze ilmeýär.

Ilhan Şaban: Syýasat we geo ykdysadyýet nukdaý nazaryndan bu oýlanyşykly usul. Seredip görüň, Türkmenistan soňky ýyllarda näçe täze turbalara eýe boldy. Üç turba Hytaýa tarap açyldy, dördünjisi gurulýar. TOPH proýektiniň gurluşygy başlandy. Diýmek, işler alnyp barylýar. Ýene on ýyldan Trans-Hazar gaz geçirijisi hem gurlyp bilner.

Azatlyk Radiosy: Trans-Hazaryň öňünde deňziň statusynyň kesgitsizligi we Orsýetiň, Eýranyň garşylygy ýaly bar bolan böwetler päsgelçilik döretmezmi?

Ilham Şaban: Islendik iri proýekt islegleriň iş ýüzündäki şertlere gabat gelen pursadynda başa barýar. Meselem bäş ýyl mundan ozal Eýranyň daşyndaky ýagdaýyň şeýle üýtgejegini hiç kim bilmeýärdi. Berk ykdysady üzňelikdäki Eýrana häzirki wagtda dünýä ýurtlary Boing uçarlaryny satýarlar, kärhanalary gurmak planlaryny yglan edýärler. Şeýlelikde biz ýene on ýylda Orsýetiň Ýewropa Bileleşigi bilen nähili gatnaşykda boljagyny, onuň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen gatnaşyklarynyň nähili boljagyny bilmeýäris.

XS
SM
MD
LG