21-nji sentýabrda Aşgabatda XI Halkara kitap sergi-ýarmarkasy açyldy.
Türkmen mediasy bu ýarmarkanyň Türkmen döwlet neşirýat gullugy we Söwda-senagat palatasy tarapyndan, ýurt garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalandygyny habar berýär.
Bu sergi-ýarmarkanyň açylan güni türkmen paýtagtynda 17-nji sentýabrda açylan täze halkara howa menziline bagyşlanyp taýýarlanan kitabyň hem çap edilendigi habar berildi.
Azatlyk radiosy XI Halkara kitap sergi-ýarmarkasyna baryp gören aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş bolup, bu çäräniň öňki ýyllardaky kitap-sergi ýarmarkalaryndan tapawudy, şeýle-de onuň başga ýurtlar bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki praktiki ähmiýeti barada söhbetdeş boldy.