Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Fransis Bakuwa sapar edýär


Pop Fransis 2-nji oktýabrda Bakuwa Tbilisiden geldi.
Pop Fransis 2-nji oktýabrda Bakuwa Tbilisiden geldi.

Rim papasy Fransis Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda çydamlylygy we parahatçylygy wagyz edip, dini ýygnanyşyk geçirdi.

Pop Fransis 2-nji oktýabrda bu ýere Tbilisiden gelip, öňki pop Jon Pol II 2002-nji ýylda bu ýurda sapar edeninden soň gurlan katolik ybadathanasynda ýygnanyşyk geçirdi.

Pop Bakuwa edýän on sagatlyk saparynyň dowamynda bu ýurtdaky esasy dinleriň wekilleri, şol sanda uzak wagtlyk prezident Ylham Alyýew bilen hem duşuşar.

Ýerli metbugat popuň saparyna kän bir ähmiýet bermedi, esasan şaýy musulmanlaryndan durýan Azerbaýjanda 300 çemesi katolik ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG