Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Oba ilatyna iýmek-içmek häzirden gaýgy'


Agyz suwuny geçirýän turba, Türkmenistan
Agyz suwuny geçirýän turba, Türkmenistan

Türkmen hökümeti ilatyň mugt suw, gaz we elektrik togy bilen üpjünçiligini doly ýatyrmak meselesini öwrenýär.

Mugt hyzmatlary ýatyrmagy iki ýyl bäri prezidentden haýyş edip gelýän türkmen ýaşululary ilatyň şeýle ýeňilliklere mundan beýläk mätäç däldigini aýtdylar. 14-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Ýaşulular maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti bu meseläni öwrenmegi hökümete tabşyrdy.

Türkmenistanda mugt suw, gaz we elektrik togy 1993-nji ýylda ilata berilip başlanypdy. Soňky ýyllarda bu hyzmatlaryň belli bir bölegi ilata mugt berildi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň 50 ýaşly ýaşaýjysy kärendeçi Selbiniýaz häzirki ýeňillikleriň ýatyrylmagynyň ilat köpçüligini agyr güne saljagyny aýdýar.

'Oba ilatyna iýmek-içmek häzirden gaýgy'
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:06 0:00

XS
SM
MD
LG