Rus häkimiýetleri Sibiriň bir şäherinde Iosif Staliniň bikanun dikilen heýkelini aýyrdylar.
Surgut şäheriniň häkimiýetleri bu heýkeli 6-njy oktýabrda, Stalini goldaýjylar tarapyndan bir aýa golaý ozal dikeldileninden soň ýykdylar.
Staliniň tarapdarlary bu heýkeli diktatoryň arassalaýyşlarynyň pidalarynyň hormatyna dikiljek ýadygärligiň golaýynda dikeldipdiler.
Şäher resmileri bu heýkeliň resmi rugsat almazdan dikeldilendigini aýtdylar.
Hukuk aktiwistleri bu heýkeliň Stalin režimi tarapyndan 1930-njy ýyllarda ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere sürgün edilen adamlaryň garyndaşlaryny ynjydýandygyny aýtdylar.
Şu aralykda nämälim adamlar bu heýkeli iki gezek gyzyl reňke boýap, wandallyk etdiler.
Söz Azatlygy bar yerde eden ettilik bolmaz
Olam sol yere para berip gecdi hemmeler bilyar in sonunda sol bermelisini berip bilmedigi ucin bular basyna gelendir ilk parahor berdimuhammedowlar olardan baslayar korrupsiya