Aşgabat – Balkanabat magistral ýoluň Baharly we Serdar etraplarynyň çäginde balary saklap, bal öndürýän balçylar öz önümlerini ýoluň gyrasyna çykaryp satýarlar. Azatlyk Radiosy bal önümlerini satýan bu balçylar barada ýörite fotosergi taýýarlady.
Aşgabat-Balkanabat: Ýol ugrundaky balçylar
1
Bal satýan daýhanlar. Balçylar özleriniň dürli görnüşdäki, şol sanda ýanda gülüniň, ýorunja gülüniň balyny öndürýändigini aýdýarlar.
2
Olaryň aýtmagyna görä, balçylaryň öndürýän balyny döwlet tarapyndan satyn almak doly ýola goýulmandyr.
3
Şäher, etrap merkezleriniň uzakda ýerleşýändigi sebäpli bal önümlerini köp ilatly ýerde satyp bilmeýäris diýip, balçylar gürrüň berýärler.
4
Şol sebäpli hem olar özleriniň bal önümlerini ýoluň gyrasynda satmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.