Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Merkezi banky baýramçylyk şaýlyklaryny çykardy


Türkmenistanyň Merkezi bankynyň binasy.

Türkmenistanyň Merkezi banky ýurduň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli täze altyn we kümüş şaýlyklary çykardy diýip, türkmen metbugatynda aýdylýar.

25-nji oktýabrda “Neýtralnyý Türkmenistan” neşirinde berlen habarda “bu şaýlyklaryň her biriniň 100 manada barabardygy we olaryň garaşsyzlygyň 25 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik hökmünde öndürilendigi” aýdylýar.

Bu şaýlygyň öň tarapynda – günüň dogýan pursatyndaky şöhleleriniň fonunda – Türkmenistanyň kartasy we Garaşsyzlyk monumentiniň şekli ýerleşdirilipdir. Onuň aşagynda bolsa, ýurduň bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun agajynyň şahasy bar. Şaýlygyň arka ýüzünde bolsa, Türkmenistanyň gerbiniň şekli ýerleşdirilipdir.

Bu täze şaýlygyň diametri 38,61 mm-e barabardyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG