Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyny belleýär


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistan döwlet garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümini belleýär.

27-nji oktýabrda ýurtda geçirilýän resmi baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň prezidentiniň we beýleki resmileriniň Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk diňine gül gowşurmagyndan başlandy. Olaryň yzýany bilen müňlerçe adamyň monumente gül alyp barandygyny resmi media habar berdi.

Türkmenistany döwlet garaşsyzlygyň 25-nji ýyl dönümi bilen postsowet liderleriniň ençemesi gutlady.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin G. Berdimuhamedowyň adyna ýollan hatynda Türkmenistanyň sosial-ykdysady ösüşe degişli meseleleriň çözgüdindäki üstünliklerine ýokary baha berdi, şeýle-de bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine möhüm goşant goşandygyny aýtdy, diýlip Kremliň metbugat gullugyna salgylanylyp, media maglumatlarynda habar berildi.

Garaşsyzlyk baýramçylygynyň dabaralaryna resmi taýýarlyklar üç aý öňünden görülip başlanypdy. Maşklara býujet işgerleriniň we studentleriň mejbury gatnaşdyrylandygy habar berilipdi.

XS
SM
MD
LG