Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda döwlet işgärleri ýowara çykdy


Uly ýoluň ugrunda arassaçylyk işleri geçirilýär, Türkmenistan
Uly ýoluň ugrunda arassaçylyk işleri geçirilýär, Türkmenistan

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda iki gün bäri ýowarlar geçirilýär.

Şu günler Daşoguz şäheriniň köçelerinde we welaýatyň birnäçe etrabynda arassaçylyk işlerini köpçülikleýin ýerine ýetirýän dürli döwlet edaralarynyň işgärlerini görmek mümkin.

“Hökümet edaralarynyň, gaz, tok we başga edaralarynyň işgärleriniň aýal-gyz bolsun köçelerde elleri pilli toparlanyşyp, ot ýakyşyp üýşüp durandygy göze ilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mekan Täşliýew aýdýar.

Ýowar näme üçin geçirilýär?

Arassalamak we tämizlemek boýunça işler esasan uly ýollaryň ugurlarynda we göze iläýjek ýerlerde amala aşyrylýar.

Türkmenistanda býujetden aýlyk alýan işgärleriň köçeleri arassalamak işlerine gatnaşdyrylmagy ýygy-ýygydan geçirilse-de, soňky ýyllarda şeýle çäreler yzygiderli häsiýete eýe boldy.

Adatça, uly ýowarlar baýramçylyklaryň öňüsyrasynda, resmi dabaralar ýa-da medeni we sport çäreleri bilen baglylykda geçirilýär.

Şeýle-de, köpçülikleýin ýowarlar döwlet baştutanynyň welaýatlara edýän saparlarynyň öňýanyna gabat gelýär.

Daşoguzda şu günler döwlet işgärleriniň arassalaýyş işlerine köpçülikleýin gatnaşdyrylmagy we görülýän taýýarlyklaryň sebäpleri barada resmi taýdan hiç hili maglumat berilmeýär.

Başga welaýatlardan okuwçylar hem geldi

Şu günler uly ýaşdaky adamlaryň ýowara gatnaşyp, köçeleri arassalamak, tämizlemek işlerini köpçülikleýin ýerine ýetirýän wagtynda, Daşoguza beýleki welaýatlardan baran mekdep okuwçylary hem köpçülikleýin jemlenýärler.

Mekan Täşliýew çagalaryň jemlenmeginiň haýsy-da bolsa bir sport çäresine görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşdyrylýandygyny belledi. Emma sport bilen bagly ýa-da başga bir resmi dabaralaryň geçiriljegi barada ilata habar berilmändigini aýtdy.

“Mekdep okuwçylary gatnaşdyrylyp, şol welaýatlaryň arasynda ýaryşyň geçirilýän bolmagy-da mümkin. Sebäbi Daşoguzda Marydan, Lebapdan gelýän ýaşlar bar. Olar jaý gözleşip ýörler. Ýedinji-sekizinji klas okuwçylary” diýip, habarçymyz aýtdy.

Daşoguzda arassaçylygy berjaý etmek şol köçeleriň ugrunda ýerleşýän hojalyklardan hem talap edilýär.

Daşoguzda geçirilýän häzirki ýowarlara döwlet işgärleriniň mejbury ýagdaýda gatnaşdyrylýandygy, arassaçylyk işlerine gatnaşmaýan işgärleriň bolsa, özlerine derek hakyna adam tutup ibermeli bolýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG