Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada Ýewromaýdanyň üçünji ýyl dönümi ýatlanýar


“Nepis ýüzlük” monumentine gül desseleri goýulýar.

Ukrainada Azatlyk we Mertebe güni bellenilýär. Bu gün 2013-nji ýylda ozalky prezident Wiktor Ýanukowiçiň çetleşmegine getiren Ýewromaýdan protestleriniň ýyl dönümi ýatlanýar.

Hökümet resmileri, Maýdan protestlerine gatnaşyjylar we adaty raýatlar 21-nji noýabrda Kiýewde geçirilýän ýörite çärelere gatnaşarlar. Şeýle-de bu gün protestleriň dowamynda hökümet güýçleri bilen çaknyşyklaryň dowamynda heläk bolan demonstrantlaryň hatyrasyna “Nepis ýüzlük” monumentine gül desseleri goýular.

2013-nji ýylda Ýanukowiç Kiýewiň Ýewropa Bileleşigi bilen Assosasiýa şertnamasyny baglaşmajakdygyny yglan etmeginden soňra, Ýewromaýdan hereketi başlanypdy.

Ýanukowiç 2014-nji ýylda häkimiýetden çetleşdirilenden soňra, Russiýa gaçdy.

XS
SM
MD
LG