Türkmenistanda global derejede aktual meselelere bagyşlanyp geçirilen nobatdaky halkara duşuşygy ulag gatnawynyň durnuklylygyna bagyşlandy.
Türkmenistana sapar eden BMG-niň ýolbaşçysynyň gatnaşmagynda 26-njy noýabrda geçirilen konferensiýada, hususan-da ulaglar we pyýadalar üçin amatly hem howpsuz şertleriň döredilmeginiň zerurdygyna üns berildi.
Türkmenistanyň resmileri ýurduň bu ugurdan hem üstünlik gazanandygyny habar berdiler.
Şol bir wagtda-da Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylar öz ýaşaýan ýerlerinde ýol hereketine degişli döwre laýyk amatly şertler däl, hatda ýollaryň howpsuzlygynyň hem üpjün edilmeýändigini, käbir ýerlerde ýollaryň asla ýokdugyny yzygiderli gürrüň berýärler.
Azatlyk Radiosy şu günki gün Türkmenistanda ýollaryň ulaglar we pyýadalar üçin amatlylyk derejesi barada gürrüň bermegi sorap türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Ей Ынсан! Китай вакцинасынынг тасир етмеги 50% ден хем аз, онгадам хич хили делил йок
1,000 (müň) manat diýýän unuňyzyň bir kilogramy müň manatmy ýa 100 (ýüz) kilogramy? Ýa bir tonnasymy?
Azatlykda aýlyklar barada çykan habardan soňra, Lebaba Aşgabatdan barlag ýollandy Hamala, Azatlyk habar beripdir, onsoň Aşgabatdan barlag barypdyr. Bäh, ýatan ýeriňizden gahryman bolasyňyz gelyaray siziň.