Dünýäniň iň iri konsalting firmalarynyň biri Merсeriň ýyllyk indeksine görä, ýaşaýyş-durmuş hili babatda, türkmen paýtagty Aşgabat iň ýaramaz şäherleriň sanawyna girdi.
«The Independent» gazetiniň 30-njy noýabrdaky maglumatyna görä, Özbegistanyň paýtagty Daşkent, terrorizm bilen baglylykda, afrikan şäherleri Lome bilen Abijanyň arasynda, iň ýaramazlaryň sanawynda 26-njy orny alypdyr.
Aşgabat iň ýaramazlaryň sanawynda 23-nji, Bişkek 21-nji, Duşanbe bolsa 19-njy orny alypdyr.
«Aşgabat düýpli ýagdaýda döwlet kontrollygynda saklanylýar. Gynansak-da, bu şäher hroniki suw ýetmezçiliginden, döwletiň hojalyk geleňsizliginden ejir çekýär, şol bir wagtda paýtagtda temperatura Selsiýa boýunça 47,2 gradusa ýetýär» diýip, hasabatda bellenilýär.