Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmen hökümeti ykdysadyýeti we dabaralary maslahatlaşdy


Milli lybasly çäreçiler

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky hökümet maslahatynda «ykdysadyýetiň durnuklylygy» we dekabr aýynda geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyklar baradaky hasabatlary diňledi.

Türkmen telewideniýesi prezidentiň anna güni ilki bilen wise-premýer B.Hojamämmedowa söz berendigini aýdýar.

Ýöne habardan wise-premýeriň «gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy», «milli ykdysadyýetiň durnuklylygyny saklamak, maýa goýumlarynyň gelmegi üçin has amatly şertleri döretmek» üçin edýän işleribarada anyk näme gürrüň edendigi belli bolman galýar.

Hojamämmedow 18-nji noýabrda geçirilen hökümet maslahatynda«wezipe-borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ýurduň ykdysadyýetinde işleri pes derejede alyp barmakda» tankyt edilipdi.

Oňa şonda berk käýinç we soňky duýduryş berlip, "ýol berlen kemçilikleri" gysga wagt içinde düzetmek tabşyrylypdy.

Emma prezident bu gezek orunbasarynyň ünsüni ykdysady toplumyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak zerurlygyna çekmek bilen çäklendi. Şonuň bilen bir wagtda ozal berlen tabşyryklar, käýinç we soňky duýduryş asla ýatlanmaýar.

Öňki mejlislerde prezident baýramçylyklara gabat dükanlarda azyk bolçulygyny döretmegi we olaryň elýeterli bahadan satylmagyny talap edipdi.

Azatlyk radiosyna interwýu berýän ýerli raýatlaryň tassyklamaklaryna görä, ýurduň Daşoguz, Lebap welaýatlarynda esasy azyk önümleri babatdaky gytçylyk dowam edýär. Emma muňa garamazdan, hökümet maslahatynda esasan dekabr aýynda geçiriljek maslahatlar, dabaraly çäreler barada has anyk gürrüň edilene meňzeýär.

Dekabr dabaralary we pagta, ýüň tabşyryklary

Mysal üçin, 7-9-njy dekabr aralygynda Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2016 atly 21-nji halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk görülýär.

Maslahatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwletara suw-hojalyk utgaşdyryş toparynyň 19-njy dekabrda, Aşgabatda geçiriljek 69-njy mejlisine görülýän taýýarlyk hakynda hem hasabat berildi.

Aşgabatda 3-4-nji dekabrda Türkmenistanyň pagta önümleriniň 6-njy halkara sergi-ýarmarkasyny, «Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary» atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk baradaky hasabaty diňläp, prezident meýdanlarda galan «ak altynyň» ýekeje hanasynyň hem isrip edilmeli däldigini aýdypdyr.

Mundanam başga, Berdimuhamedow «gymmatly çig mal bolan ýüňi we ýüňden taýýarlanylýan önümleri eksport etmek bilen baglanyşykly ähli meseleleriň üstünde düýpli işlemek barada «birnäçe anyk tabşyryk» beripdir.

Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy

Wise-premýer Mämmedowanyň beren hasabaty has-da çärä baý görünýär.
Mysal üçin, dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygy mynasybetli muzeýlerde, kitaphanalarda, sergi we kino-konsert merkezlerinde döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler, aýdym-sazly dabaralar, bilim edaralarynda açyk sapaklar,Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda ylmy maslahatlar geçiriler.

Şeýle-de, dekabr aýynda Goňşokara baýramy, Nebit-gaz senagaty we biologiýa işgärleriniň güni, BMG-niň Çagalar gaznasynyň 70 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergileri we sport ýaryşlarynyň açylyş dabaralary geçiriler.

6-7-nji dekabrda bolsa, Daşoguz şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy bolar diýip, wise-premýer aýtdy.

Bu dabara 8-nji dekabrda Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary bilen utgaşar.

Elbetde, Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtda we beýleki şäherlerde uly baýramçylyk dabaralaryny geçirmek planlaşdyrylýar.

Türkmen telewideniýesiniň hökümet maslahatyndan taýýarlan reportažynda Täze ýyl mynasybetli hem uly dabaralaryň planlaşdyrylandygy aýdylýar. Täze ýyl baýramyndan öň «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň hem jemleýji tapgyry geçiriler.

6-njy dekabrda bolsa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlary yglan etmek, olara prezidentiň sowgatlaryny gowşurmak dabarasy bolar.

Daşary işler ministri Reşit Meredow hem dekabrda geçiriljek köpçülikleýin çäreler barada hasabat berdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow «baýramçylyk çärelerine guramaçylykly çemeleşmegiň hem-de olaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi».

Döwlet baştunanynyň hökümet maslahatlarynda edýän esasy talaby bolup görünýän we aşa yssy ýa öte sowuk howa garamazdan geçirilýän dabaraly çärelerde raýatlaryň kyn ýagdaýlary başdan geçirýändigi aýdylýar.

Teswirleri gör (4)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG