Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda söwdagärleriň tas ählisine jerime salynýar


Illýustrasiýa.
Illýustrasiýa.

Şu günler Türkmenabadyň Sanitar epidemologiýa gullugynyň, ýagny arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň işgärleri bazarlara aýlanyp, düzgüni bozan söwdagärler bilen bir hatarda düzgüni bozmadyk satyjylara hem jerime ýazýarlar.

Geçen hepdeden bäri geçirilýän barlaglaryň dowamynda, bazarda azyk harytlarynyň söwdasy bilen meşgullanýan söwdagärleriň satýan harytlarynyň möhletine, iş ýeriniň arassaçylygyna, şeýle-de, satyjylaryň ýörite eşiklerine we azyk harytlaryny ellän wagty ýörite ellikleriniň bardygyna ýa-da ýokdugyna ýekeme-ýeke gözegçilik edilýär. Düzgün-tertibi bozan söwdagärlere derhal jerime ýazylýar.

Göräýmäge, Sanitar epidemologiýa gullugynyň işgärleri öz işlerini kemsiz berjaý edýärler. Emma geçen ýylkylardan tapawutlylykda, şu gezekdäki barlaglaryň dowamynda düzgün-talaplary hiç hili bozmadyk söwdagärlere hem jerime ýazyldy diýip, käbir söwdagärler aýdýar.

“Bir zatjagaz belläli”

“Men konditer önümlerini satýaryn. Meniň ýanyma gelip adymy we familiýamy soradylar. Menden ýylyň dowamynda jerime ýazylyp-ýazylmandygy barada soradylar. Menem begenip ýazylmady diýsem, ‘onda bir zatjagaz belläli, ýylyň dowamynda her kime-de bir gezejik bellemeli’ diýip, jerime ýazdylar. Gaty geň galdym” diýip, Türkmenabadyň “Gök bazarynda” söwda-satyk işleri bilen meşgullanýan 40 ýaşlaryndaky Merdan aýdýar.

“Olaryň bu gezek gelişi tertibi barlamak üçin däl-de, diňe jerime ýazmaga gelen ýaly bolup görünýär” diýip, Merdan sözüniň üstüni ýetirýär.

Aýdylmagyna görä, bu ýazylýan jerimeleriň möçberi hem kiçi däl. Käbirlerine 400 manat jerime ýazylan bolsa, käbirlerine 1000 manada çenli jerime ýazylandygyny söwdagärler gürrüň berýärler. Olaryň öz sözi bilen aýdanyňda, bu jerimeleriň iň pesi azyndan ýarym aýlyk gazanç hakyndan ybarat.

“Başlyklar ýene goýberdiler”

“Esassyz salnan” jerimelerden bazardaky söwdagärler nägile bolsalar-da, olar hiç bir ýere ýüz tutup, arz-şikaýatyny aýdyp, muňa jogap alyp bilmeýändiklerini-de boýun alýarlar.

“Dogry işleseňem kime arzyňy aýtjak. Gelýän barlagçylar, bazar ýolbaşçylary ählisi bilelikde işleýärler. Onsoň şu barja ýerimizdenem dynaýmaly diýip işläp ýörüs” diýip, türkmenabatly Merdan gürrüň berýär.

Onuň sözüne görä, Türkmenabadyň Sanitar epidemologiýa gullugynyň barlamana gelen işgärleri söwdagärlere hiç hili anyk maglumat bermeýärler. “Öňräk barlap gitdiňiz” diýseler, “başlyklar ýene goýberdiler” diýen jogaby bermek bilen çäklenýärler.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenabadyň Sanitar epidemologiýa gullugynyň işgärleriniň geçirýän bu derňewleriniň edil häzirki pursatda geçirilmeginiň sebäpleri barada resmi taýdan halk köpçüligine anyk maglumat ýa-da bildiriş berilmese-de, bu çäre şäheriň bazarlaryna Aşgabatdan ýörite komissiýanyň gelen pursadyna gabat geldi diýilýär.

XS
SM
MD
LG