Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Pagtany henizem çöpleýärler, emma kärendeçiler pulsuz galýarlar'


Pagta hasyly, Türkmenistan

Türkmenistanda pagta ýygymy şu günki güne çenli dowam edip gelýär, şol bir wagtda-da daýhanlaryň ençeme aý mundan ozal tabşyran pagta hasyly üçin, hasaplaşyk doly amala aşyrylman galýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan lebaply kärendeçileriň gürrüň bermegine görä, döwlete tabşyrylan pagta hasylynyň puly häzire çenli-de daýhanlara tölenmändir we onuň sebäpleri, asla meseläniň haçan çözüljegi belli däl.

'Barsak, üstümize gygyrýarlar"

“Biz haçan barsak-da, olar biziň üstümize gygyrýarlar we kowup goýberýärler. Ýogsa ol ýere baran adamlar köplenç pul talap etmeýär, olar diňe hasaplaşygyň gijikdirilmeginiň sebäbini we haçan boljagyny soraýarlar. Hasyl bireýýäm tabşyryldy ahyryn, emma jogaba derek kärendeçileri şeýle daraýarlar” diýip, Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy Zamira aýdýar.

Zamira kärendeçileriň uly böleginde başga girdejiniň ýokdugyny belläp, daýhanyň maddy taýdan agyr günleri başdan geçirýändigini aýtdy.

Mary welaýatynda-da pagta hasyly üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyk geçirilmän, dürli bökdençlik döredilýär.

14 ýyl bäri kärendeçilik edýän Serdar özleri bilen hasyl üçin hasaplaşykda bökdençligiň dörän badyna häkimiýet edarlaryna ýüz tutandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

“Mary welaýatynyň ýokary derejeli resmileri käbir kynçylyklar aradan aýrylýança bizden garaşmagy haýyş etdiler, kärendeçiler hem garaşmaga razy boldular” diýip, Serdar gürrüň berýär. Emma Mary welaýatynda-da kärendeçileriň tabşyrylan pagtasy üçin tölegiň ýerine ýetirilmändiginiň sebäbi nämälim galýar. Problemanyň sebäpleri barada Türkmenistandaky resmi edaralardan düşündiriň alyp bolmady.

Şol bir wagtda-da, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň birnäçe etrabynda pagta meýdanlarynda pagta ýygyp ýören adamlaryň bardygyny Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary aýdýarlar.

Daşoguzda şu günler pagtany, esasan, hakyna tutulan adamlar ýygýarlar. Býujet işgärleri tarapyndan hakyna tutulýan işgärlere her gününe 30 manat tölenýär.

Ätiýaçlyk üçin

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesiniň habar bermegine görä, daýhan birleşikleriniň ençemesiniň brigadirleri dekabr aýynda özlerinden pagtanyň talap ediljegi barada öňünden habar edilipdir. Şeýlelikde, olar öz daýhanlaryndan birnäçe tonna pagtany ätiýaçlyk üçin alyp goýupdyr. “Häzirki wagtda daýhan birleşikleri her gün 150 kilogram pagtany etrap harmanlaryna tabşyryp, gününi geçirýänler” diýip çeşmämiz habar berýär we käbir daýhan birleşikleriň başlyklarynyň kärendeçileri pagta tabşyrmaga mejbur edýän halatlarynyň hem bolýandygyny aýdýar.

“Daýhanlara esasan ýerlerini elinden almak haýbaty atylýar” diýip, howpsuzlyk sebäpli adynyň tutulmazlygyny soran daşoguzly söhbetdeşimiz gürrüň berdi.

Türkmenistan 2016-njy ýyl üçin kesgitlenen 1 million 50 müň tonna pagta planynyň doly berjaý edilendigini 21-nji oktýabrda resmi derejede yglan etdi. Emma munuň yz ýany türkmen prezidenti pagta hasylyny ýygnap almak boýunça “haýal-ýagallyga ýol berilýändigini” hem tankytlapdy.

3-4-nji dekabrda türkmen resmileri Türkmenistanyň pagta önümleriniň 6-njy halkara sergisini we “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahatyny geçirip, türkmen “ak altynynyň” halkara bazarlarynda öz pozisiýalaryny berkidendigini yglan etdi.

Türkmenistan dokma senagatynyň esasy çig maly bolan öz pagtasyny Orsýete, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Beýik Britaniýa we ýene birnäçe ýurda eksport edýär.

Emma soňky ýylyň dowamynda IKEA, “Adidas”, “H&M” ýaly dünýäniň iri halkara söwda brendleriniň ençemesi Türkmenistanda pagta ýygymynda mejbury iş güýjüniň ulanylmagy dowam etdirilse, türkmen pagtasyndan özleriniň ýüz öwürjegini duýdurdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG