Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Pagtany doly ýygnamak iň möhüm mesele


Pagta ýygymy, Lebap
Pagta ýygymy, Lebap

Häzirki wagtda pagta hasylyny doly ýygnamak işleri Türkmenistan üçin iň möhüm mesele bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Türkmen prezidenti meýdanlarda galan “ak altynyň” ýygnalmak işine iňňän jogapkärçilikli çemeleşmegi talap etdi.

Soňky übtügine çenli çöplemek

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda geçirilen wideo şekilli iş maslahatynda, häzirki wagtda ekin meýdanlarynda galan pagta hasylyny iň gysga möhletinde soňky übtügine çenli çöplemek üçin, zerur çäreleriň amala aşyrylýandygy mälim edildi.

Şol bir wagtda-da, türkmen ýolbaşçylarynyň pagta ýygymyň tamamlanandygyny we planyň doly berjaý edilendigini resmi derejede yglan etmegine bir aýa golaý wagt boldy. 21-nji oktýabrda prezident Berdimuhamedow ýurtda pagta planynyň dolandygyny we daýhanlaryň döwlet harmanyna 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny tabşyrandygyny yglan edipdi.

Haýal-ýagallyk we tankyt

Türkmen hökümeti ýurtda pagta önümçiliginde, hasylyň ýygnalmagynda ýüze çykýan problemalary adatça açyk boýun almaýar. Her ýyl öňünden kesgitlenen planyň doly berjaý edilendigi resmi taýdan yglan edilýär we oba hojalyk pudagynyň üstünlikleri wasp edilýär.

Emma şu ýyl pagta planynyň dolmagynyň yglan edilmeginden soňky bir aýa golaý wagtyň dowamynda, pagta ýygymy birnäçe gezek tankyt edildi.

Türkmenistanyň prezidenti 31-nji oktýabrda hökümet maslahatynda eden çykyşynda ýurduň käbir welaýatlarynda pagta meýdanlarynda galan hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak meselesinde haýal-ýagallyga ýol berilýändigini aýtdy. Tankyt edilen regionlaryň arasynda Ahal welaýatynyň Kaka, Akbugdaý, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky, Boldumsaz we başga-da käbir etraplary; Lebap welaýatynyň Hojambaz, Köýtendag, Atamyrat, Döwletli, Beýik Türkmenbaşy, Birata; Mary welaýatynyň Murgap, Mary, Wekilbazar, Tagtabazar we beýleki käbir etraplary agzalypdy.

Pagta ýygylýar

Şu günler Daşoguzdan gowuşýan maglumatlara görä, bu welaýatyň pagta meýdanlarynda-da ýygylman galan hasyl bar.

“Ýene 15-20 günläp ýygmaga ýeterlik pagta bar ýaly. Ikinji ýygyma düşüp ýörenler hem bar, entek agaryp duran ýerler, gijiräk ekilen ýerler-de bar” diýip, Daşoguz welaýatynyň adynyň agzalmagyny islemedik ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Şu günler pagta hasyly Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda hem ýygnalýar. Bu regionlardan gowuşýan maglumatlara görä, bu ýerde döwlet işgärleri, ilkinji nobatda-da bilim we saglygy saklaýyş edaralarynyň işgärleri pagta ýygyma köpçülikleýin çekilýärler.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary pagta ýygym kampaniýasyna ilkinji bolup başlan bu regionlarda hasyly ýygmak işiniň dekabra çenli dowam etdiriljeginiň işgärlere duýdurylandygyny aýdýarlar.

Resmi maglumatlara görä, şu ýyl Türkmenistanda pagta hasyly 545 müň gektar ýere ekildi. Pagtanyň orta we inçe süýümli görnüşleri ýetişdirildi.

Türkmenistan öz dokma senagatynyň esasy çig maly bolan pagtasyny, şeýle-de, Orsýete, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Beýik Britaniýa we ýene birnäçe ýurda eksport edýär.

XS
SM
MD
LG