Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Daşoguzda pagtany mejburlyk bilen ýygýarlar


Döwlet işgärleri pagta ýygýarlar, Türkmenistan

Türkmenistan öz “ak altynynyň” halkara bazarlaryndaky pozisiýalaryny pugtalandyrýandygyny yglan edýärkä, ýurduň pagta meýdanlarynda galan hasyl henizem çöplenýär we bu iş üçin mejbury zähmet güýji çekilýär.

Şu günler, hususan-da Daşoguz welaýatynda pagtany esasan hakyna tutulan adamlar ýygýarlar. Şol wagtda welaýatda sentýabrda başlanyp, şu günki güne çenli dowam edýän pagta ýygymyna çagalar hem çekilipdir.

'Çagalara ýygdyryp ýörler'

Daşoguzly pensioner Anna daýza Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: "Obalarda okuwçylary ene-atalar mugallymlardan sorap, üç gün, baş gün alyp galyp, pagta ýygdyryp ýörler. Şolar ýaly ýagdaý bolup dur".

Daşoguzly Anna daýzanyň sözlerine görä, dürli ýaşdaky çagalary, şol sanda üçünji-altynjy synplarda okaýan okuwçylary esasan olaryň öz maşgalalary kömek üçin pagta ýygyma çekýärler.

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna çekilmegi resmi taýdan gadagan edilýär. 2005-nji ýylda ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýörite permany bilen pagta ýygymynda çaga zähmetini ulanmak gadagan edilipdi, emma bu karar iş ýüzünde berjaý edilmeýär. 2007-nji ýylda Türkmenistanyň häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna çekilmegine gadagançylyk girizdi.

Azatlyk radiosynyň Daşoguzdaky habarçylarynyň sözlerine görä, pagta ýygymynda gadagan edilen çaga zähmetiniň ulanylmagy resmi taýdan guramalaşdyrylmaýan bolsa-da, resmiler iş ýüzünde şeýle ýagdaýlaryň döremegine göz ýumýarlar.

Bu ýagdaýy daşoguzly Anna daýza hem tassyklady. Ol, hususan-da, mekdep resmileriniň okuwçylaryň pagta ýygmak üçin okuwdan galmagyna rugsat berýändigini aýtdy: "Jogap soralanda, mugalymlar däl, mekdebiň okuw bölüminiň müdiri berip goýberýär. 'Haýyş, ýygdyraýyn' diýse, 'bolýar ýygdyraý' diýýär. Ýöne okuwy ýatyranoklar".

Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatdaky çeşmeleri şu günki gün esasan pagta ýygmaga döwlet edaralarynyň işgärleriniň mejbur edilýändigini, olaryň hem özlerine derek adam tutup, her gününe 30 manat töleg bilen ekin meýdanlaryna ugradýandygyny habar berýärler. Şeýle-de, studentleriň-de öz ýerine adam tutup, pagta ýygdyrmaly bolýandygy aýdylýar.

Daşogzuň pagta plany

Regiondan gowuşýan maglumatlara görä, şu günler pagta ýygmak işleri Ruhybelent we Türkmenbaşy etraplarynda has gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýerli ýaşaýjylar Daşogzuň pagta planyny dolmandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan pagta planynyň tutuş ýurt boýunça doly berjaý edilendigini 21-nji oktýabrda yglan edipdi. Türkmen ýolbaşçylary daýhanlaryň döwlet harmanlaryna 1 million 50 müň tonna pagtany tabşyrandygyny aýdypdy.

Hasylyň agzalan möçberi tutuş ýurt boýunça 545 müň gektar ýere ekilipdir, şondan 140 müň gektar ýer Daşoguz welaýatyna degişli.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda kärendeçileriň döwletiň tabşyran hasyly üçin doly hasaplaşmandygy aýdylýar.

Türkmenistan dünýä derejesinde pagta çig malyny eksport edýän esasy ýurtlaryň arasynda 9-njy ýerde durýar. Türkmen pagtasy Orsýete, Hytaýa, Günorta Koreýa, Türkiýä, Beýik Britaniýa we ýene birnäçe ýurda eksport edýär.

Soňky ýylyň dowamynda IKEA, “Adidas”, “H&M” ýaly dünýäniň iri halkara söwda brendleriniň ençemesi Türkmenistanda pagta ýygymynda mejbury iş güýjüniň ulanylmagy dowam etdirilse, türkmen pagtasyndan özleriniň ýüz öwürjegini duýdurypdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG