Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýa, Hytaý Siriýa rezolýusiýasyna weto goýdular


Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi

5-nji dekabrda Orsýet bilen Hytaý Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşinde Günbatar döwletleri tarapyndan öňe sürlen rezolýusiýanyň taslamasyna weto goýdular. Bu taslamada Siriýanyň Aleppo şäherinde barýan atyşyklara ýedi gün ara bermek göz öňünde tutulýardy.

Taslamany ret etmegini Orsýet bu çäre jeňçilere öz toparlaryny täzeden düzmäge mümkinçilik berer diýip delillendirdi. Şeýle-de, Orsýetiň aýtmagyna görä, BMG tarapyndan bu ugurda ädiljek her bir ädim Waşington bilen Moskwanyň arasynda üstümizdäki hepdä planlaşdyrylan gepleşiklerden soňra bolmaly.

2011-nji ýylda Siriýa konflikti başlaly bäri Orsýet Howpsuzlyk Geňeşiniň bu ýurt baradaky alty rezolýusiýasyna weto girizdi. Hytaý hem bu çäreleri bäş gezek böwetledi.

Orsýetiň BMG-daky ilçisi Witaliý Çurkin: “Jeňçiler bular ýaly arakesmeleri ok-ýarag toplamak we öz pozisiýalaryny güýçlendirmek üçin ulanýarlar. Bu parahat ilatyň çekýän ejir-azabyny ýaramazlaşdyrar” diýdi.

Şu gün Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow oppozision güýçleriň Aleppoden çekilmegi boýunça Moskwanyň Waşington bilen gepleşiklere başlajakdygyny bildirdi.

Bu gepleşikler Orsýet tarapdan goldanýan Siriýa güýçleriniň gozgalaňçylaryň kontrollygyndaky etraplary gaýtaryp almakda noýabryň ortalaryndan bäri gazanan saldamly üstünliklerinden soňra bolýar.

“Jeňçileriň gündogar Aleppoden çekilmegi üçin anyk ýol we wagt çägi barada ylalaşylar. Bu ýollar we wagt çägi bellenen badyna atyşyklary bes etmek ylalaşygy güýje girip biler” diýip, Lawrow aýtdy.

BMG-da Çurkin Howpsuzlyk Geňeşiniň çäreleri gepleşiklere pursat bermek üçin yza süýşürilmeli diýdi.

Ýöne amerikan resmileri yza çekilmek barada görnüp duran ylalaşyk ýok diýýärler. Sebäbi gozgalaňçy güýçler Aleppony terk etmek baradaky çagyryşlary ret etdiler.

Amerikanyň BMG-daky ilçisiniň orunbasary Mişel Sison Geňeşde şeýle diýdi: “Bu bir gury bahana. Biz [gepleşiklerde] üstünlik gazanyp bilmedik. Sebäbi Orsýet ünsüni Alepponyň parahat ilatyna kömek etmäge däl-de, harby gazananlaryny gorap saklamaga gönükdirýär. Orsýetiň bizi olardan hiç haçan geljege meňzemeýän eglişige garaşdyryp, Howpsuzlyk Geňeşine baglap goýmagyna ýol bermeris”.

Sison atyşyklary bes etmek rezolýusiýasyna goýlan weto Aleppodaky “bigünä erkekler, aýallar we çagalar üçin ölüm hökümi” diýdi.

BMG Alepponyň gozgalaňçylaryň elindäki dürli etraplarynda gabawda galan adamlaryň sanyny 200 müňden gowrak diýip çaklaýar. Olar azyk we beýleki kömekleriň ýetmezçiliginden ejir çekýärler.

Britaniýanyň BMG-daky ilçisi Mathew Rykroft rezolýusiýa weto goýmakda Hytaýyň Orsýete goşulmagyna geň galýandygyny bildirdi.

Ol Orsýet bilen Hytaý bu çäräni böwetlediler “munuň sebäbi olaryň öz halkyndan ýarym milliona golaý adymyň başyna ýeten bir diktatora bolan uzak möhletli, ýerliksiz ynamy” diýdi.

Hytaýyň BMG-daky ilçisi Liu Jieýi taslama teksti yza goýlup, Geňeşde gepleşikler arkaly ylalaşyga gelinmegine ýol berilmeli diýdi. Ol Rykrofty atmosferany “zäherlemekde” we öz beýanatlary bilen forumdan “galp peýdalanmakda” aýyplady.

Fransiýanyň ilçisi François Delattre rezolýusiýa kabul edilen bolsady, “gowşak umyt uçguny” döräp, BMG “adamlaryň janyny halas etmäge” ýol açylardy diýdi.

Ol Orsýeti näçe adam pida edilmeli bolsa-da, Aleppony almagy maksat edinenlikde aýyplady.

Rezolýusiýanyň taslamasyny taýýarlamaga gatnaşan Täze Zelandiýanyň ilçisi Gerard wan Bohemen bu işiň başa barmanlygyny “Geňeşiň abraýyna ýeten agyr zyýan we Siriýa halky üçin betbagtçylyk” diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG