Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow welaýat häkimlerine käýinç berdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň oba hojalygynda saklanyp galýan agyr ýagdaýy tassyk etdi.

Anna güni, Ministrler kabinetiniň 11 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurduň welaýat ýolbaşçylaryny, oba hojalygyndaky kemçilikler – gymmatbaha tehnikanyň ýerlikli ulanylmaýandygy, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatdaky işleriň gowşak guralýandygy, ýeriň we suwuň netijesiz ulanylýandygy üçin, berk tankyt etdi.

Bu kemçilikler üçin Ahal welaýatynyň häkimi Esenmyrat Orazgeldiýewe, Balkan welaýatynyň häkimi Durdy Durdyýewe, Daşoguz welaýatynyň häkimi Orazmyrat Gurbannazarowa, Lebap welaýatynyň häkimiÇarygeldy Çarlyýewe, Mary welaýatynyň häkimi Bäşim Annagurbanowa, şeýle-de olaryň oba hojalygy boýunça orunbasarlaryna berk käýinç berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG