Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda geçirilen derňewlerde "düýpli kemçilikler" tapyldy 


Pagta meýdany

Türkmenistanyň baş prokurory Amanmyrat Hallyýew 9-njy dekabrdaky hökümet maslahatynda pagta we galla hasylynyň ýygnalyşy boýunça geçirilen derňew barada hasabat berdi.

TDH-nyň maglumatyna görä, bu hasabatda ýurduň oba hojalyk pudagynda düýpli kemçilikleriň bardygy aýdylypdyr. Mejlisde Ýokary gözegçilik palatasynyň başlygy Çary Gylyjow hem hasabat berdi.

Ýüze çykarylan negatiw faktlar esasynda, prezident Berdimuhamedow agro-senagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Rejep Bazarowa, oba hojalyk ministri Nursähet Sapardurdyýewe, Daşky gurşawy we ýer resurslaryny goramak baradaky döwlet komitetiniň başlygy Mergen Annabaýewe, Döwlet azyk senagaty birleşiginiň başlygy Kuly Kulyýewe berk käýinç berdi.

Anna güni wise-premýer Bäşimmyrat Hojamämmedowa, Döwlet salgyt gullugynyň başlygy Saparberdi Gündogdyýewe, ykdysadyýet we ösüş ministri Muhammetguly Muhammedowa, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory Amanbibi Amanmedowa daga hem, işde goýberen kemçilikleri üçin diýlip, käýinç berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG