Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat we Baku “Kýapaz”/“Serdar” ýatagy boýunça "entek ylalaşmadylar"


“Kýapaz”/“Serdar” sebitinde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda dartgynly ýagdaýlar hem ýüze çykypdy.

Azerbaýjan bilen Türkmenistan “Kýapaz”/“Serdar” ýangyç gory boýunça entek özara ylalaşyga gelmediler diýip, Azerbaýjanyň Daşary işler ministriniň orunbasary mälim etdi.

Halaf Halafowyň duşenbe güni žurnalistlere beren maglumatynda, bu ugur boýunça gepleşikleriň dowam edip, yzygiderli konsultasiýalaryň hem geçirilýändigini aýtdy.

“Emma muňa garamazdan, bu ugur boýunça doly bir ylalaşyga gelmek başartmady” diýip, Halafow sözüne goşdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, Azerbaýjanyň “Kýapaz”, Türkmenistanyň hem “Serdar” diýip atlandyrýan ýatagy 1959-njy ýylda açylyp, 1986-njy ýylda onda buraw işleri geçirilip başlanypdy. Sowet soýuzy dargandan soň, Türkmenistan bu ýatagyň Azerbaýjanyň gözegçiligine geçmegine garşy çykdy. Şondan bäri bu gorda hiç hili iş geçirilmedi.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň 2008-nji ýylda gelen ylalaşygyna görä, iki ýurduň Kaspiniň düýbi boýunça kesişýän sebitinde, ýagny 50-100 million tonna nebit we 30 milliard kubmetr gaz gorunyň bardygy çaklanylýan “Kýapaz”/“Serdar” ýatagynda – Kaspiniň bölünişigi boýunça özara meseleler çözülýänçä – hiç hili gazuw-agtaryş we burawlaýyş işleri geçirilmeli däl.

Dartgynly gatnaşyklar

“Kýapaz”/“Serdar” sebitinde iki ýurduň arasynda dartgynly ýagdaýlar hem ýüze çykypdy. 2008-nji ýylyň 16-njy iýunynda, ýokarda agzalan ylalaşyk baglaşylansoň, dawaly sebite giren türkmen gämisine Azerbaýjanyň harby-deňiz patruly tarapyndan duýduryş berlipdi.

Mundan soň, Türkmenistanyň Bakuwdaky ilçisi Azerbaýjanyň Daşary işler ministrligine çagyrylypdyr. Bakuwyň ýaýradan resmi notasynda Türkmenistanyň 2008-nji ýylda baglaşylan Ylalaşygy bozandygy, şeýle-de Azerbaýjanyň Kaspidäki özygtyýarlylygynyň bozulmazlygy üçin ähli gerekli çäreleri geçirmäge taýýardygy aýdylypdy.

Aşgabat hem öz gezeginde Azerbaýjany türkmen hususy gämisine garşy “bikanun hereket” etmekde aýyplady. Ol bu gäminiň “Kaspiniň Azerbaýjana degişli bolmadyk böleginde seýsmik derňewleri geçirendigini" öňe sürüp, Azerbaýjanyň “prowokasiýalaryny” dowam etdiren halatynda, özüniň “gerekli çäreleri geçirip biljekdigini” duýdurypdy.

Kaspiniň statusy

Energiýa resurslaryna baý Kaspiniň ýuridiki statusynyň eýýäm 20 ýyldan hem aşa wagt bäri çözülmän gelmegi, ondaky gaz we nebit ýataklarynyň özleşdirilmeginiň, şeýle-de uly energiýa proýektleriniň, şol sanda türkmen gazyny Ýewropa akdyrmaga mümkinçilik berjek Trans-Hazar geçirijisiniň öňünde böwet bolup durýar.

Eýran Kaspini kenarýaka bäş döwletiň, ýagny Eýranyň, Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň arasynda deň, bäş sektora bölünmelidigini öňe sürýär.

Azerbaýjan we Gazagystan Kaspini mediana çyzyklara görä bölmek garaýyşyna garşy çykyp, onuň her döwletiň kenar boýuna görä kesgitlenmelidigini aýdýarlar.

Türkmenistan hem Kaspiniň kenarýaka döwletleriň arasynda deň bölünip, her döwletiň 20% eýelemelidigini öňe sürýär.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Kaspiniň ýurdiki statusy boýunça ylalaşygyň 2017-nji ýylda Astanada geçiriljek Kaspi sammitiniň dowamynda baglanyşyljakdygyna umyt edýändigini mälim edipdi.

Häzire çenli sammitler 2002-nji ýylda Aşgabatda, 2007-nji ýylda Tähranda, 2010-njy Bakuwda we 2014-nji ýylda hem Astrahanda geçirildi.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG