ABŞ-nyň prezidentligine saýlanan Donald Tramp ýurduň Döwlet sekretary wezipesine kandidat hökmünde ExxonMobil kärhanasynyň ýolbaşçysy Reks Tillersony (Rex Tillerson) resmi derejede hödürledi.
13-nji dekabrda ýaýradylan beýanatda Tramp “Tillersonyň baý tejribesi we geosyýasat babatyndaky çuň düşünjesi onuň döwlet sekretary bolmagyna gowy mümkinçilik berýär” diýdi.
Şeýle-de, Tramp: “Ol regional durnuklylygy üpjün eder we Birleşen Ştatlaryň milli howpsuzlyk bähbitlerine ünsi gönükdirer” diýip belledi.
64 ýaşly Tillerson özüniň ýaýradan beýanatynda bu wezipä hödürlenmegine “buýsanýandygyny” aýtdy.
Bu habaryň yzy bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Trampyň we Tillersonyň dile getiren “pragmatizmi” “özara bähbitli gatnaşyklar üçin esasyň” boljakdygyna umyt bildirýändigini aýtdy.
Rus prezidenti Wladimir Putiniň daşary gatnaşyklar boýunça ýokary derejeli maslahatçysy Ýuriý Uşakow “Tillersonyň aktiw biznes hyzmatdaşlygy netijesinde” ony rus resmileri “gowy tanaýarlar” diýdi.
Hytaýyň Daşary işler ministrligi “täze başlangyç bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has uly sepgitlere ýetirmek üçin”, Pekiniň täze döwlet sekretary bilen işleşmäge meýillidigini mälim etdi.
Tramp 8-nji noýabrdaky saýlawlarda ýeňenden soň, Döwlet sekretary bolup biljek ençeme dalaşgär bilen söhbetdeşlik geçiripdi.
Ol resmi derejede 20-nji ýanwarda prezidentlik wezipesine başlar.
Döwlet sekretaryna dalaşgäri ABŞ-nyň Senaty hem tassyklamaly. Diňlenişiklerde onuň Russiýa bilen gatnaşyklary dogrusynda soraglaryň berilmegine garaşylýar.
Jon McCain ýaly baýry senatorlaryň käbirleri onuň Russiýa bilen gatnaşyklarynyň alada döredýändigini aýdypdylar.
“Wladimir Putin galtaman, huligan we ganhordyr. Ony başgaça suratlandyrmak synanyşyklarynyň ählisi ýalandan başga hiç zat däldir” diýip, McCain nygtady.
Edil Tramp ýaly Tillersonyň hiç hili syýasy tejribesi ýokdur. Teksasyň Wiçita Falls şäherinde doglan Tillerson 1975-nji ýylda Exxona goşulaly bäri, bar telekeçilik wagtyny şol ýerde geçirdi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!