Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleppo: Ýowuz çaknyşyklar ylalaşyga wehim salýar


Bustan al-Kasr mähellesinden göçüp barýan ýaşaýjylar. 13-nji dekabr, 2016 ý.
Bustan al-Kasr mähellesinden göçüp barýan ýaşaýjylar. 13-nji dekabr, 2016 ý.

Aleppoda ýowuz çaknyşyklaryň we hüjümleriň bolandygy barada maglumatlar gowuşýan mahaly, Siriýanyň bu şäherinden gozgalaňçy söweşijileri we parahat ýaşaýjylary ewakuasiýa etmek baradaky ylalaşyk soňa goýlan ýaly bolup görünýär. Şol bir wagtda, parahat ýaşaýjylara garşy ýowuzlyklaryň amala aşyrylýandygy barada aladalanmalar saklanyp galýar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy Aleppo şäheriniň gündogarynda, hökümete tarapdar güýçler bilen pitneçileriň arasyndaky “her bir uruş liniýasynda örän güýçli çaknyşyklaryň” we hüjümleriň bolandygyny tassyklady.

Şeýle-de, bu obserwatoriýa Siriýanyň hökümet güýçleri heniz hem gozgalaňçylaryň kontrollygynda saklanylýan kiçi territoriýa howa zarbalaryny amala aşyrdy diýdi.

Erdogan siriýa hökümetini aýyplady

Siriýanyň döwlet telewideniýesi gozgalaňçylaryň hökümetiň kontrollygyndaky Bustan Al-Kasr mähellesine eden hüjümlerinde alty adamyň ölendigini we başga-da birnäçesiniň ýaralanandygyny habar berdi.

13-nji dekabrda Aleppoda ok atyşygy bes etmek yglan edildi, emma bu şäheriň gündogaryndaky adamlary gozgalaňçylaryň Siriýanyň demirgazygyndaky territoriýalaryna ewakuasiýa etmek plany hiç hili amala aşyrylmady.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň sözüne görä, gozgalaňçylar Türkiýe we Russiýanyň araçylyk etmegindäki ylalaşygy bozansoň, hökümet güýçleri gaýtadan hüjümlere başlapdyr.

Bu aralykda, Türkiýäniň paýtagty Ankarada prezident Taýýyp Erdogan Siriýanyň hökümet güýçlerini ylalaşygy bozmakda aýyplady.

Ylalaşyga päsgel bermek

Şeýle-de, ol Aleppodaky ýagdaýlar barada Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşik geçirjekdigini aýtdy.

Erdoganyň bu çykyşy Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglunyň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetini we onuň ýaranlaryny ýaraşyk ylalaşygyna päsgel bermäge çalyşmakda aýyplamagynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Biz režimiň we beýleki toparlaryň bu ylalaşyga päsgel bermäge çalyşýandygyny görýäris. Olaryň düzümine Russiýa, Eýran – Eýran tarapyndan goldanylýan güýçler – we Siriýa režimi girýär” diýip, Mewlut Çawuşoglu aýtdy.

Bu aralykda, Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow özüniň Aleppodaky pitneçi garşylygynyň “geljek iki-üç günde soňlanmagyna” garaşýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG