Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB liderleri Ukraina, Siriýa meselelerini maslahatlaşýar


Belgiiýa, Brýussel, Ýewropa geňeşiniň edarasy
Belgiiýa, Brýussel, Ýewropa geňeşiniň edarasy

Ýewropa Bileleşiginiň döwlet we hökümet baştutanlary 15-nji dekabrda Brýusselde duşuşyp, bir resminiň atlandyryşy boýunça, Ýewropa Bileleşiginiň ýüzbe-ýüz bolan «mina meýdany» meselelerini ara alyp maslahatlaşýar.

ÝB liderleriniň Moskwanyň garşysyna Ukrainadaky gatyşmalary üçin girizilen sanksiýalary ýene bir alty aý möhlete, 31-nji iýula çenli uzaltmaklaryna garaşylýar.

Şeýle-de olar ýörite bir beýanaty ara alyp maslahatlaşarlar. Sebäbi, Niderland saýlawçylarynyň aprelde geçirilen referendumda ret edendiklerine garamazdan, Niderlandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte Niderlandiýanyň ÝB bilen Ukrainanyň arasyndaky syýasy we söwda şertnamasyny tassyklamagyny gazanmaga çalyşýar.

Niderlandiýa ÝB-niň agza döwletleriniň arasynda entek bu şertnamany tassyklamadyk ýeke-täk döwlet bolup durýar we bu paktyň Ukrainany ÝB agzalygynyň ýodasyna salmaýandygy we golland saýlawçylarynyň beýleki aladalary barada aýdyňlaşdyryjy beýanat isleýär.

"Şertnamanyň tassyklanmagynyň başa barmazlygy ÝB we Ukraina üçin ägirt uly ýeňliş, Orsýet üçin bolsa ýeňiş bolar” diýip, AFP habar gullugy ady aýdylmadyk ÝB resmisine salgylanyp aýtdy.

Şol wagtky ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň 2013-nji ýylyň noýabrynda, Moskwanyň basyşy astynda, ÝB-niň Assosiasiýa şertnamasyna gol çekmezlik baradaky karary Ýewromaýdan protestleriniň möwjäp galmagyna we onuň 2014-nji ýylyň fewralynda häkimiýetden çetleşdirilmegine getirdi.

Orsýet Ukrainanyň Krym sebitini öz gözegçiligine aldy we separatistleriň Kiýewiň goşunlaryna garşy urşuna arka durdy. Bu uruşda, 2014-nji ýylyň aprelinden bäri, Ýewropanyň araçylyk eden ýaraşyk ylalaşyklaryna garamazdan, 9750-den gowrak adam öldürildi.

"Biz minalanan meýdandan ýöreýäris, bu ýeriň gün tertibindeheniz ýalňyşlyga getirip biljek örän köp mesele bar» diýip, ÝB resmisi sammitden öň aýtdy.

Siriýa gezek gelende, ÝB liderleriniň Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň güýçleri we olaryň ýaranlary, şol sanda Orsýet tarapyndan gündogar Aleppo edilen çozuşyň berk ýazgarylmagyna garaşylýar.

ÝB liderleri, Britaniýanyň bileleşikden çykmagyny ara alyp maslahatlaşmak üçin, britan premýer-ministri Tereza Meýiň gatnaşmazlygynda, resmi bolmadyk nahar duşuşygyny geçirerler.

Adatça iki günlük bolmaly sammit bir güne çenli gysgaldyldy we 28 ýurtly bileleşigiň golland referendumy we iýundaky Breksit ses berişligi bilen bütewilik synaglaryna uçran ýylynyň soňky aýyna gabat geldi.

Meý Britaniýanyň ÝB-den çykmak baradaky iki ýyllyk prosesini 2017-nji ýylyň mart aýyndan gijä galman başlamagy wada berdi.

XS
SM
MD
LG