Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Siemens' TOPH-y abzallaşdyrmagy teklip etdi


Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň belgisi
Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisiniň belgisi

Germaniýanyň "Siemens" kompaniýasy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisini 2.5 milliard dollarlyk möçberdäki karzyň hasabyna abzallaşdyrmagy teklip etdi.

“The Ekspress tribune” neşriniň proýekt boýunça ygtybarly resmilerine salgylanmak bilen bu barada ýaýradan maglumatynda, şeýle-de habar berlişine görä, türkmen gazyny Owganystanyň üstünden Pakistana we Hindistana akdyrmak boýunça proýektiň gurluşygy üçin zerur beýleki maliýe serişdeleri Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur ýaly ýurtlardan jemlemek planlaşdyrylýar.

Maglumatda "Siemens" kompaniýasynyň TOPH gazgeçirijisini türkmen gazy bilen üpjün etmek üçin, zerur bolan dokuz sany kompressory karz esasynda üpjün etjekdigi, Türkmenistanyň kompressorlary "Siemensden" satyn almaga umuman razylyk berendigi, şeýle-de, gepleşikleriň başky tapgyra ýetip, şertleriň jemlenendigini habar berilýär.

Türkmenistan umumy bahasy 10 milliard amerikan dollary möçberinde kesgitlenýän gazgeçirijiniň gurluşygynyň maliýe çykdajylarynyň 85%-ni üpjün etmäge taýýarlyk bildiripdi. Galan böleginiň proýekte gatnaşýan beýleki üç ýurduň hasabyna berjaý ediljegi habar berlipdi.

“The Ekspress tribune” neşri Türkmenistanyň ýatyrjak maýa goýumlarynyň 51%-ni öz hasabyna we 34%-ni beýleki maliýe goýujylaryň hasabyna üpjün etjekdigini aýdýar. Maglumatda gazgeçirijiniň gurluşygy üçin talap edilýän 10 milliard dollardan daşary, turbany gaz bilen üpjün etjek Galkynyş gaz ýatagyny özleşdirmek üçin, 15 milliard dollarlyk maliýe serişdesiniň zerurdygy bellenýär.

Mundan öň Aziýanyň Ösüş banky TOPH proýektiniň maliýe üpjünçiligine gatnaşmaga isleg bildirip, 1 milliard amerikan dollary möçberinde karz teklip edipdi, emma soň proýektden çekilýändigini yglan edipdi.

Şu ýylyň oktýabr aýynda Yslam Ösüş banky (YÖB), Türkmenistan-Owganystan- Pakistan-Hindistan tebigy gaz geçirijisiniñ gurluşygy üçin, 700 million dollar möçberinde karz goýberjegini yglan etdi. Bu baradaky şertnama karz puly alýan

Türkmenistanyň hökümetiniñ adyndan, Halkara ykdysady gatnaşyklar baradaky döwlet bankynyň gol çekendigi habar berilipdi.

TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabr aýynda başlandy. Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň ýolbaşçylarynyň arasynda 2010-njy ýylda Aşgabatda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň “Galkynyş” gaz ýatagyndan ugur alýan gazgeçirijiniň 2019-njy ýyla çenli gurlup, ulanylyşa beriljegi aýdylypdy.

Türkmenistan TOPH gazgeçirijisiniň öz giňişliginden geçýän 214 kilometrlik böleginiň gurluşygyny öz hasabyna amala aşyrýar we onuň 2018-nji ýyla çenli tamamlajagyny aýdýar. 2016-njy ýylyň iýun aýynyň başynda Türkmenistan gazgeçirijiniň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin, 45 million dollar möçberde pul serişdesini çykarýandygyny yglan etdi.

Deslapky planlarda gazgeçirijiniň uzynlygy 1814 kilometr, umumy bahasy 7.6 milliard dollar möçberinde görkezilipdi. Soňky maglumatlarda proýektiň umumy bahasynyň 10 milliard amerikan dollary möçberinde kesgitlenýär. Häzirki wagtda TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy we ugury boýunça gepleşikler dowam edýär.

Türkmenistanyň TOPH gazgeçirijisini kompressor abzallary bilen üpjün etmek barada Germaniýanyň "Siemens" kompaniýasy bilen geçirýän gepleşikleri barada şu ýylyň iýun aýynda habar berlipdi.

2009-njy ýylda Türkmenistan bilen strategiki partnýorlyk barada dokumente gol çeken “Siemens” Türkmenistanyň telekommunikasiýa, nebit-gaz, saglygy saklaýyş we beýleki pudaklarynda millionlarça dollarlyk onlarça proýekti amala aşyrýar.

XS
SM
MD
LG