Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň premýer-ministri Aşgabada sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif.

Şu gün , ýagny 25-nji noýabrda Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda, iki günlük resmi sapar bilen Aşgabada sapar edýär.

Şarif 26-njy we 27-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Durnukly transport ulgamy boýunça birinji ähliumumy konferensiýa gatnaşjak pakistan delegasiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän bu konferensiýa 1500-e golaý adam, şol sanda döwlet we hökümet ýolbaşçylary, ministrler, raýat jemgyýetçiliginiň liderleri we BMG-nyň resmileri gatnaşar.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň 24-nji noýabrda ýaýradan beýanatynda, Yslamabadyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen transport we aragatnaşyk baglanyşyklaryny dikeltmek arkaly özara gatnaşyklary ösdürmek isleýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, beýanatda Pakistanyň demirýol we garaýol transport koridorynyň Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan ulanylyp bilinjekdigi we şeýlelikde, olaryň Karaçi we Gwadar deňiz portlary arkaly deňze çykyp biljekdikleri bellenilýär.

Şarif Berdimuhamedow bilen duşuşar

Nawaz Şarif öz saparynyň dowamynda, Berdimuhamedow bilen-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer. Bu duşuşyklaryň dowamynda özara bähbitli regional we halkara meseleler boýunça pikir alşylar diýlip, beýanatda nygtalýar.

Käbir ekspertler premýer-ministriň we Berdimuhamedowyň esasan TOPH – Türkmenistan, Owganystan, Pakistan we Hindistan – gazgeçiriji proýekti we howpsuzlyk meseleleri, şeýle-de söwda we ykdysady gatnaşyklar boýunça gepleşikleri geçirmegine garaşýarlar.

Pakistanyň “The frontier Post”, “Pakistan Times” ýaly neşirlerinde işlän we geosyýasat, geoykdysadyýet we geoterrorizm boýunça ekspert Ikram Huti gepleşikleriň çäginde TOPH proýekti maslahat edilse-de, bu taslamanyň ençeme kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýar.

Onuň sözüne görä, gazgeçirijiniň Owganystanyň we Pakistanyň territoriýalaryndan geçjek regionlarynda çaknyşyklar dowam edýär. Munuň üstesine, soňky aýlarda Kaşmir regiony sebäpli Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky dartgynlylyk hem barha güýçlenýär.

"Bu proýektiň şowly boljakdygyna ynanmaýaryn”

“Bilşimiz ýaly, TOPH proýekti arkaly türkmen gazyny Owganystanyň, Pakistanyň üsti bilen Hindistana akdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýöne Pakistan bilen Hindistanyň arasynda Kaşmir regiony sebäpli konfliktler güýçlenýär. Serhetde her gün ok atyşyklar, çaknyşyklar bolýar. Bu proýektiň amala aşjakdygyna meniň umydym ýok. Sebäbi öňümizdäki aýlarda Pakistan bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklar has-da ýaramazlaşjaga meňzeýär. Men şeýle ýagdaýda bu proýektiň şowly boljakdygyna ynanmaýaryn” diýip, Huti aýtdy.

Ýeri gelende bellesek, şu aýyň başynda Türkmenistanyň Goranmak ministri Ýaýlym Berdiýew hem Yslamabada eden saparynyň dowamynda, öz pakistanly kärdeşi bilen duşuşyp, “Biz TOPH proýektiniň ähli taraplaýyn üstünlikli bolmagy üçin bilelikde işleşeris, praktiki ädimleri äderis” diýipdi. Emma bu babatda anyk nähili işleriň ediljekdigi aýdyňlaşdyrylmandy.

Türkmen mediasynda gurluşygyna 2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda başlanan TOPH proýektiniň Türkmenistandan geçýän böleginiň gurluşygynyň dowam edýändigi wagtal-wagtal habar berilýär.

Bu gaz geçiriji arkaly her ýyl 33 milliard kubmetr türkmen gazyny Hindistana akdyrmak planlaşdyrylýar. Gaz geçirijiniň tutuşlygyna abadanlaşdyryş işleri bilen bilelikde 2019-njy ýylyň dekabr aýynda doly tamamlanyp, ulanyşa girizilmegi göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG