Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Hindistany mekdep awtobusyna ot açmakda aýyplaýar


Hindistanyň Serhet güýçleriniň agzasy.
Hindistanyň Serhet güýçleriniň agzasy.

Pakistan hindi güýçlerini dawaly Kaşmir regionyndaky mekdep awtobusyna ot açmakda hem-de ulagyň sürüjisini öldürmekde we azyndan sekiz çagany ýaralamakda aýyplaýar.

Bu waka 16-njy dekabrda Kaşmiriň Pakistan tarapyndan dolandyrylýan Nikýal sebitindäki Mohra obasynda boldy. Pakistanyň häkimiýetleri bu sebitde hindi güýçleriniň öz hüjümlerini dowam etdirýändigini aýdýarlar.

Hususy mekdebiň 20 çemesi okuwçysyny alyp barýan awtobusyň sürüjisi wakanyň bolan ýerinde heläk boldy diýip, resmiler aýdýarlar. Wakada ýaralanan 10 bilen 15 ýaş aralygyndaky çagalar keselhana alnyp gidildi.

“Pakistanyň güýçleri muňa ýiti gaýtawul berdi we ot açýan hindi postlaryny nyşana aldy” diýip, Pakistanyň hökümetiniň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Bu barada henize çenli hindi häkimiýetleri haýsydyr bir komentariý bilen çykyş etmediler.

1947-nji ýylda Britaniýanyň häkimiýetiniň tamamlanmagyndan soň Pakistanyň we Hindistanyň arasynda bölünen Kaşmirde iki ýurduň arasynda ýygy-ýygydan ok atyşyklar bolýar.

Ýurtlaryň ikisi-de dawaly Gimalaý territoriýasyny özüniňki hasaplap iki sany urşy başdan geçirdi.

XS
SM
MD
LG