Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Montenegro: ‘Dildüwşük’ şübhelisiniň Lawrow bilen suraty peýda boldy


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň çep tarapynda - yzda - duran Nemanýa Ristiç.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň çep tarapynda - yzda - duran Nemanýa Ristiç.

Günbataryň tarapyny çalýan montenegroly syýasatçy Milo Dýukanowiçi öldürmek maksady bilen gurnalan dildüwşük diýilýäne gatnaşanlykda güman edilýänleriň biri üstümizdäki hepde özüniň bir suratyny internetde ýerleşdirdi. Ol bu suratda Belgradda Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň gapdalynda dur.

Dýukanowiçi öldürmek üçin daşary ýurtlarda gurnalan konspirasiýa gatnaşanlykda aýyplanyp, Montenegroda gözlenýän Nemanýa Ristiç bu suraty 13-nji dekabrda özüniň Instagram hasabynda ýerleşdiripdir.

Suratda Ristiç 12-nji dekabrda Serbiýanyň paýtagtyndaky gonamçylykda geçen Azat edijileriň mazarynyň başyndaky dabarada Lawrowdan sanlyja ädim aralykda dur. Gonamçylyk Ikinji Jahan urşunda Belgrady halas etmek ugurndaky söweşde wepat bolan sowet esgerleriniň jaýlanan ýeri. Lawrowyň ol ýere baryp görmeginiň hem sebäbi şol.

Ristiç suraty näme üçin ýerleşdirendigi hakda maglumat berenok.

Suratda Lawrowyň ýanynda duran üç gelin Serbiýanyň sagçy-milletçi topary “Zawtniçi” (howandarlar) toparynyň sowet esgerleriniň hatyrasyna bagyşlanan dabara gatnaşan agzalary. Zawtniçiniň bir agzasy bolan Miliça Dýurdýewiçiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Ristiç bu topara degişli däl.

Ristiçiň Orsýetiň baş diplomatynyň ýakynynda bolmagy we Lawrowyň ol ýere barmagy sebäpli girizilen berk howpsuzlyk çärelerine garamazdan, onuň ol ýere nädip girendigi, köp soraglaryň orta atylmagyna getirýär.

Şeýle hem dildüwşük barada derňew işlerini alyp barýan montenegroly derňewçiler bilen Belgradyň näderejede hyzmatdaşlyk edýändigi sorag astyna düşýär. Aýdylyşyna görä, bu konspirasiýa iki sany ors raýaty, 20-den agdyk serb we montenegro raýaty, şeýle hem Montenegronyň Orsýete ýykgyn edýän esasy oppozision partiýasynyň sany anyklanmadyk agzalary gatnaşypdyr.

Podgorisanyň Ristiçi tussag astynda almak barada halkara orderini çykarandygy belli däl. Montenegronyň käbir media neşirleri ady aýdylmadyk hökümet çeşmelerine salgylanyp, bu orderiň çykarylandygyny habar berseler-de, bu barada resmi taýdan tassyklanan zat ýok.

Geçen aý Montenegronyň baş prokurory Miliwoje Katniç Ristiçi döwlet agdarylyşygy baradaky synanyşyga gatnaşanlykda aýyplap, 16-njy oktýabrda geçen umumy saýlawda parlamente hüjüm eden protestçileri bu iş çeken Ristiç diýdi.

Montenegronyň baş prokurory Podgorisada döwlet agdarylyşygyny gurnanlar diýip, iki sany ors raýaty Eduard Sirokow bilen Wladimir Popowyň adyny berdi. Katniçiň aýtmagyna görä, ors raýatlary häkimiýet başyndaky Sosialistleriň demokratik partiýasynyň (DPS) başlygy Dýukanowiçi öldürmek üçin, ökde mergeni hakyna tutmagy planlaşdyrypdyrlar. Muňa sebäp onuň Montenegrony NATO ýaranlygyna goşmak boýunça edýän tagallalary.

Montenegronyň orsýetçi oppozision partiýalary döwleti agdarmak boýunça synanyşyk diýip özlerine bildirilýän günäleri ret edýärler. Olar bu iş saýlawdan öň adamlary gorkuzyp, olaryň häkimiýet başyndaky partiýa ses bermegini gazanmak üçin edilýän oýunlar diýýärler.

Moskwa döwlet agdarylyşygy diýilýäni barada özüniň resmi rolunyň ýokdugyny aýdýar.

“Biz haýsy hem bolsa bir bikanun işe resmi taýdan goşulmak mümkinçiligini düýbinden ret edýäris” diýip, 7-nji noýabrda Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow aýtdy.

Geçen saýlawda DPS sesleriň aglaba köplügini gazanyp, täze hökümeti guraly bäri Montenegroda syýasy garym-gatymlyk höküm sürýär. Oppozision partiýalar hökümet adalatsyzlyk bilen ses berişlige täsir etdi diýip, parlamenti we hökümet edaralaryny boýkot edýärler.

Ýurdy NATO-dan daşarda saklamak üçin orsýetçi partiýalar geçen ýyl güýçli kampaniýa başladylar. Olar Dýukanowiçiň häkimiýet başyndan çekilmegini talap edip, köçelerde protest geçirdiler.

Ýurduň NATO ýaranlygyna goşulmagyna has garşy çykýan orsýetçi oppozision partiýalaryň agzalarynyň aglabasy etnik serblerden durýar. Olar NATO-nyň 1999-njy ýylda Serbiýany bombalandygy sebäpli gaharda. Taşlanan bombalar Ýugoslawiýa Federal Respublikasynyň şol wagtky prezidenti Slobodan Milosewiçi howpsuzlyk güýçleri tarapyndan operasiýalar geçirmäge mejbur etdi. Netijede, ýüz müňlerçe etnik albanlar Ýugoslawiýanyň düzüminde bolan kosowodan kowuldylar.

XS
SM
MD
LG