Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aleppo: Ewakuasiaý edilen adamlaryň kerwenleri ýola düşdi


Alepponyň pitneçi nokatlaryndan ewakuasiýa edilen adamlar al-Raşideen şäherçesine bardylar.

19-njy dekabrda Siriýanyň Aleppo şäherindäki pitneçi nokatlaryndan we gozgalaňçylar tarapyndan gabawa alnan iki obadan ewakuasiýa edilen adamlaryň kerwenleriniň ýola düşendigi habar berilýär.

Onlarça awtobus günorta Aleppodan ewakuasiýa edilen müňlerçe adamy şäheriň pitneçileriň kontrollygyndaky günbatar sebitine alyp bardy diýip, 19-njy dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň resmisi we düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy aýtdy.

Bu aralykda, ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Foua we Kefraýa atly şaýy obalaryndan parahat ilatyň ýüzlerçesi Alepponyň hökümet kontrollygyndaky territoriýalaryna geldi diýip, obserwatoriýa we Siriýanyň döwlet telewideniýesi habar berdi.

Obalardaky parahat ilatyň ewakuasiýa edilmegi, Alepponyň pitneçi kontrollygyndaky nokatlarynda gysylyp galan adamlaryň gitmegine rugsat bermek şerti bilen gelnen ylalaşygyň netijesinde amala aşyryldy.

XS
SM
MD
LG