Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda deputatlaryň jaýyna hüjüm edildi


Ýaşaýyş jaýyna gözegçilik edýän kabul polisiýasy

«Talyban» jeňçileri paýtagt Kabulda kanun çykaryjylaryň jaýyna zabt edip, sekiz adamy öldürdiler diýip, resmiler aýtdy.

Olar howpsuzlyk güýçleriniň 22-nji dekabr güni irden üç sany ýaragly hüjümçiniöldürendiklerini aýtdylar.

21-nji dekabr güni, giçlik başlanan hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne alyp, «howpsuzlyk resmileriniň wajyp «ýygnanyşygyny nyşana alandygyny» aýtdy.

Bu hüjüm helmandly parlament agzasy Mir Waliniň howlusynda boldy. Ol aman galmak üçin üçekden bökdi we hassahana ýerleşdirildi diýip, Kabul polisiýasynyň jenaýat derňewleri bölüminiň başlygy Fraidoon Obaidi aýtdy.

Bu hüjüm netijesinde Mir Waliniň maşgala agzalaryndan iki adam, onuň birnäçe janpenasy we uruzganly deputat Obaýdulla Barakzaýyň ogly öldürildi.

XS
SM
MD
LG