Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gara deňze ýykylan rus harby uçarynda 'aman galan ýok'


Ministrlik «uçaryň bölekleriniň Gara deňizden, Soçi şäheriniň kenar ýakalaryndan tapylandygyny aýtdy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi Siriýa barýarka ýykylan rus harby uçarynyň üstündäki adamlaryň biriniň jesediniň Gara deňizden tapylandygyny aýdýar.

Ministrlik uçaryň ýykylan ýerinde aman galan hiç bir adamyň tapylmandygyny aýtdy we prezident Wladimir Putiniň 26-njy dekabry milli ýas güni diýip yglan edendigini habar berdi.

Bortunda 92 adam bolan uçar 25-nji dekabrda, irden heläkçilige uçardy.

"Orsýetiň Goranmak ministrliginiň Tu -154 uçarynyň ýykylmagy netijesinde ölen adamyň jesedi Soçiniň kenarlaryndan alty kilometrlikde tapyldy» diýip, ministrligiň harby sözçüsi Igor Konaşenkow aýtdy.

"Bu jeset halas gämisiniň bortuna alyndy» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

«Interfax» habar gullugy adatdan daşary ýagdaýlar baradaky gullugyň ady aýdylmaýan bir çeşmesine salgylanyp, heläkçiligiň bolan ýerinden birnäçe jesediň tapylandygyny ýazdy.

Ministrlik biraz öň «uçaryň bölekleriniň Gara deňizden, Soçi şäheriniň kenar ýakalaryndan 1.5 km uzaklykda, 50-den 70 metre çenli çuňlukdan tapylandygyny aýtdy.

Orsýet, Adler, Soçi, Gara deňiz kartasy
Orsýet, Adler, Soçi, Gara deňiz kartasy

Bu uçar radar gözegçiliginiň ekranlaryndan ýerli wagt bilen ir sagat 5.40-da, Soçiniň günortasyndaky etrap şäheri Adleriň aeportyndan asmana galanyndan kän wagt geçmänkä ýitirim bolupdyr.

Harby uçar ilki Moskwadan ugrap, Adlerde ýangyç guýmak üçin gonupdyr.

Ol Orsýetiň Hmeimim howa bazasyna, Siriýanyň kenarýaka şäheri Latakiýa barýan eken.

Goranmak ministrligi uçardaky ýolagçylaryň sanawyny çap etdi. Olaryň arasynda Orsýetiň Ýaragly güýçleriniň resmi horunyň, tanymal Aleksandrow ansamblynyň 64 agzasy, ansamblyň başlygy Waleriý Halilow, 9 sanyžurnalist hem bar.

Ýogalanlaryň arasynda Orsýetiň Ýaragly güýçleriniň resmi horunyň, tanymal Aleksandrow ansamblynyň 64 agzasy hem bar.
Ýogalanlaryň arasynda Orsýetiň Ýaragly güýçleriniň resmi horunyň, tanymal Aleksandrow ansamblynyň 64 agzasy hem bar.

Şeýle-de, ýolagçylaryň sanawynda Doktor Liza ady bilen tanalan tanymal aktiwist we Putiniň adam hukuklary geňeşiniň agzasy Ýelizawete Glinka bar eken.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow bu heläkçilige nämäniň sebäp bolandygyny aýdardan entäk ir diýdi.

Konaşenkow saz toparynyň Latakiýa Siriýadaky rus goşunlarynyň öňünde Täze ýyl konsertini bermek üçin barýandygyny aýtdy.

Ministrlik uçaryň bortunda 84 ýolagçynyň bolandygyny, sekiz adamyň bolsa ekipaž agzasydygyny aýtdy.

Orsýetiň Krasnodardaky, Günorta harby etrapdaky we goňşy regionlardaky gözleg we halas ediş uçarlary 25-nji dekabr güni irden gözlege çykaryldy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň bu wakadan habarly edilendigini, adatdan daşary ýagdaýlar baradaky gullukdan gözleg işleriniň barşy barada habar alyp durandygyny aýtdy.

Resmiler howa transport howpsuzlygy meselesinde bidüzgünçilige ýol berlip-berilmändigini kesgitlemek üçin derňewe başlandyklaryny aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG