Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan “Aýallaryň edermenligi” baýragy bilen sylaglanan tanymal owgan zenan piloty ABŞ-dan başpena soransoň, Owganystanda güýçli çekişmäniň döremegine sebäp boldy.
26-njy dekabrda owgan hökümeti Nilofar Rahmaniniň bu kararyny “öz ýurduna arka durmaga bellenenler üçin utanç” diýip häsiýetlendirip, onuň ýurdy terk etmeginiň sebäbi hökmünde görkezen owgan zenanlaryna garşy abanýan howplar “diňe bahana” diýdi.
Owganystanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Mohammad Radmaniş owgan hökümeti – ýurduň howpsuzlyk güýçlerini dikeltmek üçin milliardlarça dollary sarp eden – Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri tarapyndan Rahmaniniň başpenasynyň ret edilmegini umyt edýär diýdi.
“Haçanda ofiser howpsuzlyk barada şikaýat etse, onda adaty adamlar näme etmeli? Ol özi üçin bahana döredipdir. Emma biziň ýüzlerçe bilimli aýal-gyzlarymyz we hukuk goraýjy zenan aktiwistlerimiz bar. Olar üçin ýurt howpsuz” diýip, Radmaniş aýtdy.