Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýimpaş" Gülen bilen gatnaşygynyň jebrini çekýär


"Ýimpaş" täjirçilik merkezi, Aşgabat
"Ýimpaş" täjirçilik merkezi, Aşgabat

Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň birindäki çeşmesinden mälim bolşuna görä, “Ýimpaş” söwda merkeziniň Türkmenistandaky problemalary bu türk kompaniýasynyň eýeleriniň dinçi Fethulla Gülen bilen güman edilýän gatnaşygy bilen bagly. Azatlyk Radiosy “Ýimpaş” söwda we täjirçilik merkezleriniň ýapylmagynyň we ýumrulmak planlarynyň çak edilýän sebäpleri barada mundan öň habar beripdi.

Ministrligiň resmisi Azatlyk Radiosy bilen gizlinlik şertinde söhbetdeş bolup, söwda merkeziniň binasyny “onuň eýeleriniň Fethulla Gülene degişli struktura bilen gatnaşygy üçin ýumurýarlar” diýip habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşiniň sözlerine görä, häzirki pursatda “Ýimpaş” söwda we täjirçilik merkezleriniň dolandyryjylarynyň türkiýeli işgärleriniň tas ählisi Türkmenistandan çykarylypdyr.

“Diňe ýerine ýetiriji müdir we hasap bölüminden birnäçe adam galdy. Häzir olar bilen “Ýimpaş” kompaniýasynyň puluny Türkmenistandan çykarmak barada gepleşikler geçirilýär” diýip çeşmämiz habar berdi.

Şeýle-de onuň habar bermegine görä, häzirki wagtda diňe söwda merkeziniň ýumrulmagy barada gürrüň gidýär, täjirçilik merkeziniň ykbaly barada entek karara gelinmändir. Emma çeşmämiz ýurduň ýolbaşçylygynyň görkezmesi boýunça “gülençileriň ähli zady ýumrulmaly” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýatladyp geçsek, türk kompaniýasyna degişli we Türkmenistanyň ilkinji iň iri söwda merkezi harytlaryň arzan bahadan gyssagly satylyp gutarylmagy boýunça ýurduň taryhynda geçirilen iň uly çäreden soňra 19-njy dekabrda doly ýapylypdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tarapyndan türk we ýerli telekeçilere edilýän basyşlar barada Azatlyk Radiosy şu ýylyň oktýabr aýynda habar beripdi. Şonda türk dinçisi Fethulla Gülen bilen gatnaşykda güman edilýän telekeçiler babatynda repressiýalaryň başlanandygy mälim bolupdy. Türkiýäniň häkimiýetleri Güleni şu ýylyň iýul aýynda harby agdarylyşygy amala aşyrmak synanyşygyny maliýeleşdirmekde günäleýärler.

Şondan bäri türkmen telekeçileriniň onlarçasy tussag edildi, “Ýimpaş” kompaniýasynyň duçar bolan kynçylyklarynyň ýüze çykmagyndan sanlyja hepde geçensoň onuň işiniň ykbaly hem kesgitlendi.

Türk kompaniýasynyň problemalarynyň «Ýimpaş Holding» kompaniýasynyň müdirler geňeşiniň başlygy Dursun Uýaryň bir wagt Güleniň tarapdary bolmagyna degişli geçmişi bilen bagly bolmagynyň ähtimaldygyny Azatlyk Radiosy kompaniýa ýakyn öz çeşmelerine salgylanyp, habar beripdi. Bu maglumaty Türkmenistanyň hökümet resmisi hem tassyklaýar.

“Ýimpaş Holding” öz döwründe Türkmenistanda türkmen-türk mekdeplerini we Aşgabatdaky türkmen-türk uniwersiteti maddy taýdan goldapdy. Agzalan mekdepler Güleniň “Hizmet” guramasynyň gözegçiliginde bolupdy.

Ýatladyp geçsek, 2007-nji ýylda Germaniýanyň derňew häkimiýetleri jenap Dursun Uýary hilegärlikde aýyplandan soňra, Türkiýede bir ýyllap tussag astynda bolmagyndan soň özüniň syýasy garaýyşlaryny mälim etmändi.

Noýabr aýynyň ortalarynda kompaniýa ýakyn çeşmeleriň birnäçesi “Ýimpaş” söwda merkezine häkimiýetler tarapyndan basyşyň edilýändigini Azatlyk Radiosyna habar beripdi. Meselem, şu wagta çenli ýurtda ýeňilliklerden peýdalanan kompaniýanyň türkmen puluny daşary ýurt walýutalaryna öwürmek mümkinçiliginden mahrum edilipdi. Söwda merkeziniň içinde ýerleşýän dükanlara daşary ýurtly harytlary satmaga gadagançylyk girizilipdi. Netijede dükanlaryň umumy girdejisi 70% pese gaçypdy.

Şondan iki hepde geçensoň Azatlygyň çeşmeleri “Ýimpaş” söwda we biznes merkezleriniň ýapylmagy we binalaryň tiz wagtda ýumruljagyny habar beripdi.

“Ýimpaş Holding” kompaniýasynyň Ýozgat şäherindäki edarasynda kompaniýanyň Türkmenistandaky ýagdaýy barada kommentariý bermezlik karar gelendigini Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

Türkmenistanly hökümet resmisiniň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, ýurduň “Ýimpaş Holding” kompaniýasy bilen ýeri kireýne almak barada baglaşan şertnamasynyň 49 ýyllyk möhleti bar.

Mundan öň Azatlyk Radiosy “Ýimpaş” söwda merkeziniň binasynyň ýumrulyp, onuň ýerine 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň gatnaşyjylaryny gatnatmak üçin ulag duralgasynyň gurulmagyna degişli planlar barada habar beripdi. Aziýa oýunlary üçin niýetlenen olimpiýa stadiony “Ýimpaş” söwda merkeziniň garşysynda ýerleşýär.

Şeýle-de, türkmen resmisiniň aýtmagyna görä, türk kompaniýasy bilen sud dawasynyň döremeginiň öňüni almak maksatly binany täzeläp, ony Senagatçylar we telekeçiler bileleşigine bermek mümkinçiligine hem seredilýär.

1999-njy ýylda açylan “Ýimpaş” söwda merkezi 20 müň kwadrat metrlik ýeri eýeleýär. 2007-nji “Ýympaş täjirçilik” şirketine ýene 18 müň kwadrat metrlik giňişlik berildi we bu ýerde gurlan binada onlarça daşary ýurtly we ýerli şirketiň edaralary ýerleşdirildi.

Şeýle-de Azatlyk Radiosy türkmen telekeçisiniň we Türkiýede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda başa barmadyk harby agdarylyşyk synanyşygyndan soň Türkmenistanda ýapylan türk okuw jaýlarynyň öňki işgärleriniň we okuwçylarynyň onlarçasynyň tussag edilmegi barada habar beripdi.

Bu barada beýleki habar beriş serişdeleri hem maglumat beripdi. Hususan-da, Fergana.ru neşri gülençiler hereketine gatnaşykda güman edilip tussag edilen adamlaryň gynamalara sezewar bolýandygyny habar beripdi.

XS
SM
MD
LG