Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýanyň hökümet baştutany Pearl Harbora taryhy saparyny geçirdi


Ýaponiýanyň premýer-ministri Şindzo Abe (ç) we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s), Pearl Harbor, ABŞ, 27-nji dekabr, 2016.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şindzo Abe ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen bilelikde Pearl Harbora simwolik saparyny geçirdi we Ikinji Jahan Urşunda Ýaponiýanyň bu harby baza eden hüjüminiň pidalarynyň hatyrasyna matam çäresine gatnaşdy.

“Men bu ýerde janyny beren gaýduwsyz erkekleriň we aýallaryň ruhuna çyn we müdimilik gynanjymy bildirýärin, bu ýerde olaryň ömür tanapy üzüldi we uruş başlandy” diýip, Abe 1941-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Ýaponiýanyň amala aşyran duýdansyz hüjümi babatynda 27-nji dekabrda eden çykyşynda aýtdy. ABŞ-nyň Pearl Harbor harby bazasyna edilen şol hüjümiň netijesinde 2400 amerikan esgeri wepat bolupdy we ABŞ urşa girişipdi.

ABŞ-nyň döwlet başyndaky prezidenti bilen Pearl Harbora sapar eden Ýaponiýanyň ilkinji premýer-ministri Şindzo Abe öz ýurdunyň harby baza amala aşyran hüjümi üçin ötünç soramady.

Matam çäresiniň soňunda Obama we Abe Pearl Harbora edilen hüjümde diri galan weteranlar bilen duşuşdylar.

XS
SM
MD
LG