Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Moskwanyň raketalar baradaky nägileligini ret edýär


ABŞ-nyň döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner.
ABŞ-nyň döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner.

Birleşen Ştatlar Siriýadaky jeňçileri daşap bolýan raketa atyjylar bilen üpjün etmek planlarynyň ýokdugyny aýtdy. Mundan owal, Moskwa bu hili ýaraglaryň “Yslam döwleti” terroristik toparynyň eline düşüp biljekdigini aýdyp, howatyrlanmasyny bildiripdi.

“Biziň MANPADS boýunça tutumymyz üýtgemedi. Biz bu kysymly ýaraglaryň Siriýa gowuşmagyna iňňän aladaly garaýarys” diýip, döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner uçarlary urmak üçin eginden atylýan raketa ulgamlaryna salgylanyp gürrüň berdi.

Toner “Biz Siriýanyň oppozisiýasyny... MANPADS-yň hiç bir görnüşi bilen üpjün etmeýäris” diýip, sözüne goşdy.

Mundan owal, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bu barada ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen 27-nji dekabrda telefon arkaly gürleşipdi. Şeýle-de, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mariýa Zaharowa aýyplaýjy äheňde çykyş edip, prezident Barak Obamanyň goranyş harajatlary bilen baglylykda 23-nji dekabrda kabul eden kanunçylygyny tankytlapdy.

Milli Goranyş Ygtyýarnama Akty ABŞ-nyň Goranmak departamentiniň Siriýanyň jeňçi toparlaryna, döwlet we goranmak sekretarlary Kongresiň komitetlerine düşündürişli hasabatlaryny hödürleýänçä, MANPADS ulgamlaryny bermek üçin maliýe serişdeleriniň goýberilmeginiň öňüni alýar. Hasabatda haýsy toparlara, ýaraglaryň anyk haýsy görnüşleriniň beriljekdigi aýdyňlaşdyrylyp, onda aňtaw seljermeleri hem görkezilmelidir.

Emma Russiýa munuň netijesinde ýaraglaryň ekstremistleriň ellerine düşjekdigini öňe sürüp, howatyrlygyny bildirip başlady.

Zaharowa: “Obamanyň administrasiýasy bu ýaraglaryň tiz arada jyhadçylaryň ellerinde boljakdygyna düşünmelidir” diýip, munuň Russiýanyň Siriýadaky harby uçarlaryna, esgerlerine we diplomatik işgärlerine “gönümel howp abandyrýandygyny” aýtdy.

Zaharowa “terroristlere garşy göreşde amerikalylaryň doly derejede hyzmatdaşlyk etmeýändiklerirni” hem öňe sürdi.

Emma ABŞ-ly resmiler Russiýanyň Siriýada ok atyşyklary bes etmek boýunça ylalaşylan plana boýun bolmaýandygyny aýdyp, rus harby operasiýalarynyň – Birleşen Ştatlaryň öz howa zarbalary bilen göreşýän – “Yslam döwleti” toparyna däl-de , esasan, jeňçilere garşy gönükdirilendigini nygtadylar.

Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän konfliktde Russiýa prezident Başar al-Assadyň arkasyny tutýar. 2011-nji ýylda hökümetiň demokratik protestleri dargatmak çäresinden başlanan çaknyşyklarda 250 müň adamyň ölendigi çaklanylýar.

Russiýanyň 2015-nji ýylyň sentýabrynda başlandan howa hüjüm kampaniýalary Assadyň synmagynyň öňüni aldy.

XS
SM
MD
LG