Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýazly gyş Eýran-Türkmenistan gaz şertnamasyny synaga salýar


Demirgazy Eýran, Mazandaran welaýatynda 25-nji noýabrda howanyň temperaturasy - 8, -10 gradusa aşak düşdi.

“The Times of Central Asia” neşiri, Eýranyň resmi metbugatyna salgylanyp, Aşgabadyň Orsýetden soň ýene-de bir gaz alyjysyny, Eýrany hem ýitirmeginiň ahmaldygyny ýazýar.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki PressTV habar gullugy 28-nji dekabrda Türkmenistanyň Eýran bilen tebigy gazyň bahasy üstünde edýän dawasy onuň esasy gaz alyjylarynyň birini ýitirmegine getirip biler diýdi.

Iňlis dilinde çykýan habarlarda aýdylmagyna görä, eger Tähran ozalky iberilen gaz üçin bergileriniň galan bölegini bermese, Aşgabat özüniň serhetden aňryk iberýän gazyny kesjekdigini aýdyp, haýbat atýar.

“The Times of Central Asia” neşiriniň eýran metbugatyna salgylanyp ýazmagyna görä, Aşgabat Tähranyň 2007-nji we 2008-nji ýyllar aralygynda alan gazy üçin tölemeli 1.8 milliard dollar bergisini bermeýändigini aýdýar.

Aşgabadyň bu beýanaty gyşyň aňzak sowugyna we Eýranyň 20 welaýatyndaky ýiti gaz ýetmezçiliginiň Tährany öz demirgazyk-gündogar goňşusyndan alýan gazyny köpeltmäge mejbur edýän wagtyna gabat geldi.

Şol bir wagtda-da Türkmenistan ozal her müň kub metrini 40 dollardan satýan tebigy gazyny dokuz esse gymmatladyp, indi her müň kub metr gaza 360 amerikan dollaryny talap edýär.

Türkmen resmileriniň maglumatyna görä, Eýranyň satyn alan gazy üçin bermedik bergisi 1.8 milliard amerikan dollaryna barabar, emma Eýran muny ret edýär we bu iş boýunça halkara arbitraž suduna ýüz tutjakdygyny aýdyp, haýbat atýar.

Mundan öň Türkmenistan Orsýete satýan gazynyň bahasynyň tölenmeýändigini aýdypdy we Orsýetiň «Gazprom» kompaniýasyny tölege ukypsyz, ynamdar däl hyzmatdaş diýip yglan edipdi. Iki tarapyň bir-birini aýyplamagy netijesinde, bu işi halkara arbitraž suduna baryp ýetipdi.

Soň «Gazprom» bu dawada «arakesme» alandygyny we Türkmenistan bilen gepleşikleriň dowam edýändigi aýtdy. Şol bir wagtda Aşgabadyň Orsýete gaz ibermegini haçan dikeltjekdigi belli bolman galýar.

Eýran iň uly gaz ätiýaçlygyna eýe bolup durýar, emma ol gaz gorlary esasan ýurduň günortasynda ýerleşýär. Onsoň Eýran öz demirgazyk welaýatlaryny gaz bilen üpjün etmekde öz welaýatlaryna daýanmagy amatly hasaplaýar.

Ýöne golaýda Eýrandaky howanyň aşa sowamagy türkmen häkimiýetlerini, Yslam respublikasy öz diýilýän bergisini üzmese, gaz ibermegi kesmek haýbatyny atmaga iterdi diýip, “The Times of Central Asia” neşiri ýazýar.

Eýran häzir Türkmenistandan günde 35-40 million kub metr gaz alýar, bu söwda soňky 20 ýyldaky şertnama esasynda edilýär.

Eýranyň nebit ministri Bijan Zangene, eger Türkmenistan gaz ibermegini kesjekdigini aýdyp aýak depse, Tähranyň bu ýurt bilen baglaşan energiýa ylalaşyklaryny togtatjakdygyny aýtdy diýip, IRNA habar gullugy 28-nji dekabrda habar berdi. Şeýle-de bu neşir, eger iki ýurduň arasyndaky gaz şertnamasy ýatyrylsa, bu dawadan iň uly ýitgi çekeniň Aşgabat boljakdygyny aýdýar.

Şu aralykda Ýewraziýa.ekspert neşiri Türkmenistanyň şu ýyl, Orsýet bilen aradaky gaz gatnaşyklarynyň sowamagy bilen, Hytaýa tebigy gaz ibermekde lider bolandygyny, ýöne Aşgabadyň Moskwanyň öňündäki gaz garaşlylygyny Pekiniň öňündäki has ýowuz garaşlylyk bilen çalşyrandygyny ýazdy.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG