Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Gazprom” türkmen gazyny satyn almagy entek planlaşdyrmaýar


"Gazprom" kompaniýasynyň binasy, Moskwa, 2016.

“Gazprom” türkmen gazyny satyn almagy entek planlaşdyrmaýandygyny mälim etdi.

Orsýetiň media maglumatlaryna görä, Gazprom kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Waleriý Golubew bu barada özüne žurnalistler tarapyndan berlen degişli sowala “häzirlikçe ýok” diýip jogap beripdir.

Mundan öň “Gazprom” we Türkmengaz” kompaniýalarynyň özara maliýe dawasynyň halkara derejesinde garalmagyny 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli yza tesdirendikleri we bu kararyň geljekki hyzmatdaşlyk üçin öz aralarynda kabul ederlikli çözgüt tapmak maksady bilen baglydygy habar berlipdi.

Orsýetiň we Türkmenistanyň arasyndaky gaz söwdasyna degişli dawa garamak işi 2015-nji ýylyň 8-nji iýunynda gozgalypdy. “Gazprom eksport” “Türkmengaz” döwlet konserni bilen haklaşmak üçin, Stokholmyň Söwda öýüniň arbitraž suduna ýüz tutupdy.

Heniz çözülmedik mesele​

“Gazprom” kompaniýasynyň arbitraž suduna ýazan şikaýatynda “Türkmengaz” döwlet konserninden satyn alynýan tebigy gazyň bahasyna gaýtadan seretmek talap edilýärdi. Ýöne Aşgabat bu talapdan soň “Gazpromy” 2015-nji ýylyň başyndan bäri “Türkmengazdan” satyn alan gazynyň bahasyny tölemezlikde aýyplady we ony öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge ukypsyz kompaniýa diýip yglan etdi.

Şu ýylyň başynda “Türkmengaz” “Gazpromyň” özi bilen baglaşan şertnamasyny wagtyndan öň togtadandygyny aýtdy.

Sentýabrda “Gazprom” türkmen gazyny satyn almagy 2018-nji ýylyň aýagyna çenli bes edendigini, ýagny iki ýyllyk pauza alandygyny we şoňa çenli iki tarapyň arasynda amatly çözgüt tapmaga çalşyljagyny yglan etdi.

Munuň yz ýany Orsýetiň we Türkmenistanyň arasynda gaz söwdasyna degişli mesele iki ýurduň prezidentleriniň Soçide geçiren duşuşygynda gozgaldy, emma resmi derejede takyk maglumat berilmedi.

Orsýetiň habar serişdeleri prezident Putiniň bu duşuşykda “Biziň heniz çözülmedik meselelerimiz hem bar. Biz bu gün şolaryň ählisine serederis” diýendigini habar berdiler.

2016-njy ýylyň ýanwarynda “Gazprom” türkmen gazyny satyn almagyny doly togtadýandygyny resmi derejede yglan edipdi.

Türkmen gazynyň söwdasy gowşady

Türkmenistanyň we ozalky ýyllarda türkmen gazynyň esasy hyrydary bolan Orsýetiň arasyndaky gaz söwdasynyň möçberi 2009-nji ýylyň aprel aýynda iki ýurdy baglaşdyrýan “Orta Aziýa – Merkez” gaz geçirijisinde bolan partlamadan soň çürt-kesik azaldy. 2008-nji ýylda 70 milliard kubometr gaz öndüren Türkmenistan 47 milliard kubometrini Orsýete akdyrypdy. “Gazprom” 2009-njy ýylda Türkmenistandan diňe 10-11 milliard kubometr gazy satyn aldy we 2015-nji ýylda satyn alan türkmen gazynyň möçberini 4 milliard kubometre çenli çäklendirdi.

Muňa garamazdan, Türkmenistan gaz önümçiliginiň möçberini gitdigiçe artdyrýar. Nebit-gaz ministrligi 2016-njy ýylda ýurduň öndürjek gazynyň möçberini 83.8 milliard kubometr derejesinde kesgitledi. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli öndürýän tebigy gazynyň möçberini ýene dört esse köpeldip, ýylda 230 milliard kubometre ýetirmegi planlaşdyrýar.

Emma häzirki wagtda türkmen gazynyň esasy hyrydarlarynyň biri Hytaýyň soňky ýyllarda Türkmenistandan satyn alan tebigy gazynyň möçberi ýylda 30 milliard kubometre ýetmedi. Eýran soňky ýyllarda ortaça hasapdan 10 milliard kubometr çemesi türkmen gazyny satyn alýar.

Şeýle-de, Türkmenistan Hytaý tarapynyň özara gaz turbasynyň gurluşygyna pul ýatyrandygy sebäpli, bu ýurda tebigy gazyny arzan bahadan satýar. Türkmenistanyň Eýran bilen özara hasaplaşygynyň belli bölegi haryt arkaly amala aşyrylýar.

"Häzirki wagtda hytaý tarapy türkmen gazy üçin ujypsyz töleg edýär. Eksportyň möçberi 30 milliard kubometr çemesi bolsa-da, býujete gelýän girdeji uly däl, üstesine, hökümetiň gaz söwdasyndan gelýän girdejileri özboluşly sowýandygyny hem nazara almaly. Türkmen gazynyň ýene bir bölegini Eýran satyn alýar, emma olar nagt pul tölemeýärler, olar bilen bizde barter ylalaşygy bar" diýip, Türkmenistanyň hökümetindäki çeşmämiz aýdýar.

Energiýa meseleleri boýunça bilermenler bu ýagdaýda gaz söwdasyna bil baglaýan Türkmenistanyň gazdan gelýän girdejisiniň kemçiligini we ykdysady kynçylyklary başdan geçirýändigini belleýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG