Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG Türkmenistana Saýlawlara hemaýat beriş missiýasyny ibermegi maslahat berdi


ÝHHG-niň Demokratik institutlarynyň we Adam hukuklary boýunça edarasynyň gözegçileri.
ÝHHG-niň Demokratik institutlarynyň we Adam hukuklary boýunça edarasynyň gözegçileri.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlarynyň we Adam hukuklary boýunça edarasynyň Türkmenistanda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky ýagdaýlary öwrenmek üçin, biraz öňräk ugradan ýörite Kesgitleýji topary (OSCE/ODIHR NAM) Türkmenistanda 12-nji fewralda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna Saýlawlara hemaýat beriş missiýasyny ugratmagy maslahat berdi.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanyň geçen – 2012-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda-da Kesgitleýji topar ýurtda esasy azatlyklaryň we syýasy alternatiwleriň arasyndaky bäsleşigiň çäkli bolup galýandygyny, şeýle-de kanunçylyk binýadynda ÝHHG-niň demokratik saýlawlar boýunça bildirýän talaplary babatynda entek edilmeli işleriň bardygyny göz öňünde tutup, saýlawlara Gözegçilik etjek missiýanyň, hatda onuň az sandaky gözegçileriniň ugradylmagyny maslahat bermän, onuň ýerine Saýlawlara hemaýat beriş missiýasyny ýollamagy maslahat beripdi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň metbugat wekili Tomas Rymer Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, Kesgitleýji toparyň geçen dekabryň 6-8-i aralygynda Türkmenistana sapar edip geçiren seljermeleriniň netijesinde, prezidentlik saýlawlaryna Saýlawlara hemaýat beriş missiýasynyň ugradylmagynyň has netijeli boljakdygyny kesgitländigini aýtdy.

“Kesgitleýji topar missiýasy Türkmenistanda dürli derejedäki resmiler, şol sanda häkimiýetiň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medianyň wekilleri, şeýle-de saýlaw administrasiýasynyň özi bilen duşuşdy. Olar [Türkmenistana] saparynyň dowamynda ýurduň saýlawlara degişli kanunçylygy, ýurtdaky esasy azatlyklaryň berjaý edilişi ýaly meseleler dogrusynda käbir ýagdaýlary orta çykaryp, olary özleriniň jemleýji Hasabatynda nygtap geçdiler. Netijede, olar Türkmenistandaky saýlaw prosseslerini gowulandyrmak boýunça biz tarapdan Saýlawlara hemaýat beriş missiýasynyň ugradylmagynyň has talaba laýyk boljakdygy dogrusynda rekomendasiýa berdiler” diýip, Tomer Rymer Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Kesgitleýji toparynyň 30-njy dekabrda çap eden hasabatynda hökümetiň düzümindäki dürli şahamçalarynyň arasyndaky ýeterlik güýç bölünişigiň ýoklugy, şeýle-de möhüm adam hukuklaryna sylagyň artdyrylmagyna mätäçligiň barlygy saýlawlaryň ÝHHG-niň standartlaryna görä geçirmäge päsgelçilik döredýändigi aýdylýar. Şeýle-de, ýurtda habar we maglumat hyzmatlarynyň döwletiň berk gözegçiliginde saklanýandygy we daşary ýurt habarlaryny almagyň çäklendirilendigi bellenilýär.

Şol bir wagtda, Kesgitleýji topar türkmen resmileriniň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasy bilen dialogy dowam etdirmek meýillerini nazarda tutup, 12-nji fewralda geçiriljek saýlawlara Saýlawlara hemaýat beriş missiýasyny ugratmagy maslahat berdi.

Saýlawlara hemaýat beriş missiýasy mundan beýläk saýlawlaryň kanuny we administratiw binýadyna gözegçilik edip, şeýle-de saýlaw prosesi boýunça has köp maglumat ýygnamak üçin ýurduň ençeme künjeklerine sapar eder.

ÝHHG-niň Demokratik institutlar we Adam hukuklary boýunça edarasy (ODIHR) adam hukuklary, demokratik institutlar, kanunyň üstünligi, şeýle-de ÝHHG-niň düzümine girýän döwletleriň öz üstüne alan beýleki giň gerimli borçnamalary esasynda işleşýär. Emma edaranyň üns berýän iň esasy meseleleriniň biri saýlawlaryň demokratik tertipde geçirilmegine gözegçilik etmekdir.

XS
SM
MD
LG