Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystana ýene 300 çemesi amerikan esgeri ýerleşdiriler


Helmand welaýatynda polisiýa gözegçiligi
Helmand welaýatynda polisiýa gözegçiligi

ABŞ-nyň deňiz pyýada goşunlary günorta Owganystana şu ýazda, NATO-nyň owgan güýçlerine tälim beriş missiýasynyň çäginde, 300 çemesi esger ýerleşdirjekdigini yglan etdi.

Bu esgerler durnuksyz, «Talyban» jeňçileri bilen owgan howpsuzlyk güýçleriniň arasynda soňky aýlarda gazaply çaknyşyklaryň bolan ýerlerinde, Helmand welaýatynda ýerleşdiriler.

Strategik ähmiýetli we neşe öndürilýän welaýatyň köp bölegi jeňçileriň kontrolynda, diňe paýtagt Laşgargah hökümet kontrolynda ýerleşýär.

2014-nji ýylda NATO güýçleriniň aglaba bölegi bu ýurtdan çykaly bäri, Owganystanda 10 müň çemesi amerikan esgeri galýar

XS
SM
MD
LG