Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Goturdepedäki ýataklardan 7 million tonna nebit çykarmakçy


Goturdepedäki nebit tankerleri.
Goturdepedäki nebit tankerleri.

Türkmenistan Hazar deňzindäki Demirgazyk Goturdepe nebit ýataklaryny özleşdirmek üçin maýadar gözleýär we bu ýerden ilkinji ýedi ýylyň dowamynda 7 million tonna golaý nebit çykarmagy göz öňünde tutýar.

Anna güni prezident Grubanguly Berdimuhamedowyň we ýokary derejeli döwlet resmileriniň gatnaşmagynda geçirilen hökümet maslahatynda, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Ý. Kakaýew Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň Hazar deňziniň suw ýalpaklygynda geçirilen seljermeler bu meýdanda örän baý uglewodorod ýataklarynyň bardygyny tassyklaýar diýdi.

“Bu meýdany daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna özleşdirmegiň deslapky seljermesi işlenip taýýarlanyldy” diýlip, Kakaýewiň 6-njy ýanwarda beren hasabatynda aýdylýar.

Türkmen mediasynyň habaryna görä, täze ýatagy özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde jemi 60 sany gözleg-barlag we ulanyş guýulary, beýleki zerur desgalar gurlar.

“Reallykdan örän uzakda”

Deslapky hasaplamalara görä, bu meýdany özleşdirmegiň birinji tapgyrynda nebitiň ätiýaçlyk geologiýa gorlarynyň 38,5 million tonna, bu işleriň dowam etmegi bilen ýatagyň umumy ätiýaçlyk gorlarynyň 87,3 million tonna ýetmegi mümkin.

Ilkinji ýedi ýylyň dowamynda bu ýerden 6, 856 million tonna möçberinde nebit çykarmak göz öňünde tutulýar diýlip, türkmen telewideniýesiniň maglumatynda bellenilýär.

Wise-premýer Kakaýew bu meýdany özleşdirmegiň birinji tapgyrynda ABŞ-nyň 600 million dollaryna golaý serişdäniň zerurdygyny, bu işi daşary ýurt maýalaryny çekmek esasynda amala aşyryp, çykarylan çykdajylary bu ýerden öndürilen nebitiň belli bir bölegi bilen gaýtarmagyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Şeýle-de, şunuň bilen baglylykda daşary ýurt kompaniýasy bilen bilelikdäki kärhanany döretmek göz öňünde tutulyp, onda işleriň esasy möçberlerini “Türkmen döwlet nebit” konserniniň ýerine ýetirjekdigi, geljekki maýa goýujynyň bolsa hyzmatlary amala aşyrjakdygy aýdylýar.

“Maýa goýum maksatnamasynyň birinji tapgyrynda Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň Hazar deňziniň ýalpaklygyndaky meýdanynyň 15,000 inedördül metr çägini özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu taslamanyň çäginde amala aşyryljak işleriň 90 prosenti türkmen tarapynyň ýerine ýetirmeginde durmuşa geçiriler” diýlip, habarda nygtalýar.

Emma käbir ekspertler türkmen hökümetiniň beren sanlaryna we bu proýektiň aglaba böleginiň türkmen kärhanasy tarapyndan amala aşyrmak mümkinçiligine şübheli garaýarlar. Azerbaýjanyň Nebit öwrenmeleri boýunça merkeziniň başlygy Ilham Şaban Türkmenistanyň beren sanlarynyň reallykdan örän uzakdadygyny aýdýar.

Türkmen hökümetiniň “reklamasy”

“Bu taslamanyň 90 prosentiniň “Türkmen döwlet nebit” konserni, 10 prosentiniň bolsa daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan amala aşyryljakdygy aýdylýar. Hakykatda bu ýagdaý, öňler Eýranyň daşary ýurt kompaniýalaryna eden tekliplerine meňzeýär. Bu tekliplere görä, islendik bir daşary ýurt kompaniýasy Türkmenistan üçin guýy gazyp berer. Emma her bir guýyny gazmak üçin 30-40 million dollar gerek. Men häzirki wagtda Türkmenistanyň şol puly tölemäge pulunyň bardygyna ynanmaýaryn” diýip, Ilham Şaban aýdýar.

Ol bu taslamanyň edil häzirki wagtda yglan edilmeginiň “başga sebäpleri” bar diýip, onuň reklama häsiýetlidigini we ykdysady esasynyň ýokdugyny aýtdy.

“Türkmenistanyň hökümeti özüniň 2017-nji ýylda geçiren ilkinji döwlet maslahatynda näme sebäpden şu taslamany mälim etdi? Sebäbi 2016-njy ýylda Türkmenistan örän kyn ýagdaýlary başdan geçirdi. Türkmen manadynyň hümmeti ýiti pese gaçdy. Sebäbi dünýäde energiýa resurslarynyň söwdasy bilen bir wagtda, gazyň eksporty, ondan gelýän girdejiler azaldy. Şeýle-de, Türkmenistanyň Eýran bilen gaz söwdasyndan, türkmen tarapynyň aýdyşy ýaly, girdejisiniň azalmagy netijesinde bu iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasy häzirlikçe ýatyryldy. Munuň netijesinde, Türkmenistan şeýle ýagdaý bolsa-da, dünýä ýurtlaryna öz içerki mümkinçilikleri bilen Hazarda şu işleri amala aşyrmagy maksat edinýändigini görkezmek isleýär. 60 guýunyň bahasy birnäçe milliard amerikan dollaryna barabar bolar. Şonuň üçin bu reallygy şöhlelendirmeýän bir proýektdir. Bu proýekt Türkmenistan hökümeti tarapyndan reklama häsiýetine eýe” diýip, Şaban aýdýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistanyň girdejisini esasan uglewodorod serişdeleriniň eksporty düzýär. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň umumy nebit önümçiliginiň möçberi we onuň nebit eksporty baradaky maglumatlar ilat köpçüligine elýeterli bolman gelýär.

XS
SM
MD
LG