Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Nazarbaýew Gazagystanyň ileri tutýan ugurlaryny mälim etdi


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi

Gazagystan 2017-2018-nji ýyllarda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde etjek işiniň çäginde Merkezi Aziýanyň öňki bäş sowet respublikasynyň bähbitlerini öňe sürer, diýip Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew aýtdy.

1-nji ýanwarda Gazagystan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasynda BMG-niň 15 ýurdy öz içine alýan geňeşiniň düzümine giren ilkinji ýurt boldy.

Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň düzümine ABŞ, Orsýet, Hytaý, Britaniýa we Fransiýa girýär.

Geňeşiň 10-njy ýanwarda geçirilen maslahatynda Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň Nýu Ýorkdaky resmileri tarapyndan mälim edilen beýannamada Nursoltan Nazarbaýew öz ýurdunyň, şeýle-de, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen günorta tarapdan serhetdeş Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça gepleşikleri geçirmegi teklip edýär.

Gazagystanyň prezidenti öz ýurdunyň Palestin-Ysraýyl krizisini we Ýakyn Gündogardaky, Owganystandaky we postsowet giňişligindäki beýleki konfliktleri parahatçylykly çözmek we Koreýa ýarymadasyndaky dartgynlylygy gowşatmak hem Afrikada, Aziýada krizisleri çözmek ugrunda uly goşant goşmakçydygyny aýtdy.

Şeýle-de Nazarbaýew Gazagystanyň “terrora garşy halkara operasiýalarynyň ýörelgelerini ösdürmegi teklip etjekdigini we munuň terrora garşy global hyzmatdaşlygyň döredilmeginiň binýadyny tutup biljekdigini belledi.

XS
SM
MD
LG