Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň prezidenti öz ogluny Duşenbäniň häkimi wezipesine belledi


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň ogly Rustam Emomali
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň ogly Rustam Emomali

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon özüniň 29 ýaşly ogly Rustam Emomalini ýurduň paýtagty Duşenbäniň häkimi wezipesine belledi.

Rahmonyň metbugat gullugynyň 12-nji ýanwarda mälim etmegine görä, prezidentiň ogly Rustam Emomali Duşenbäniň häkimi wezipesinde 19 ýyllap işlän eýelän Mahmadsaid Ubaidulloýewiň ornuny tutar.

Ubaidulloýewiň ähli orunbasarlary we Duşenbäniň etrap ýolbaşçylary wezipelerinden boşadylarlar, diýip prezidentiň metbugat gullugy habar berdi.

64 ýaşly Ubaidulloýew parlamentiň Majlisi Milli ýokarky öýüne ýolbaşçylyk etmegini dowam etdirer. Ol Täjigistanyň prezidentden soňky iň täsirli ýolbaşçysy hasaplanýar.

Rustam Emomali döwletiň maliýe meselelerine gözegçilik edýän korrupsiýa garşy agentligine baştutanlyk edipdi. Onuň täze wezipä bellenmeginiň öňüsyrasynda prezident Rahmonyň üçünji gyzy Ruhşona Rahmonowa Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar boýunça departamentiniň başlygy boldy.

2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Emomali Rahmon ýene bir gyzy Ozoda Rahmony öz administrasiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine belläpdi. Ozoda mundan öň daşary işler ministriň orunbasary bolupdy.

Rahmonyň ýakyn garyndaşlarynyň ýene ençemesi resmi wezipeleri eýeleýärler ýa-da girdejili biznese gözegçilik edýärler.

Dokuz çagaly Emomali Rahmon öňki sowet respublikasy Täjigistana 1992-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelýär.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar we Täjigistanyň prezidentiniň syýasy garşydaşlary Rahmonyň başga pikirdäkilere çydamsyzlyk görkezýändigini we tankytçylara basyş edýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG